В Нью-Йорке построен самый тонкий небоскреб в мире

  • 13.04.2022 04:55
  • 16k+

Nýu-Ýorkda dünýädäki iň täsin binalaryň biri bolan iň insiz diň guruldy. Dezeen-iň ýazmagyna görä, bu iňňe diňi Manhetteniň merkezinde, 111 West 57th Street salgysynda ýerleşýär.

Onuň beýikligi 435 metre golaý bolup, ol Günbatar ýarym şarynda iň beýik ikinji binadyr. Beýikligiň binýadyň meýdanyna bolan gatnaşygy 24:1 deň.
Billionaries Row-da diňiň gurluşygy barada 2013-nji ýylda mälim edilipdi. Bir ýyldan soň onuň gurluşygyna başlandy, ýöne 2017-nji ýylda pul ýetmezçiligi sebäpli bu taslama wagtlaýyn togtadyldy.
Diňi ShoP Architects-iň arhitektorlary taslamalaşdyrdylar. Arhitektura býurosynyň maglumatlaryna görä, bu diň dünýädäki iň berk betondan guruldy. Diňiň gündogar we günbatar ýüzi bürünç urundyly terrakota plitalary bilen örtülendir, aýna diwarlary bolsa demirgazykda Merkezi seýilgähe we günortada Aşaky Manhettene tarap öwrülýär. Interýerleri Sofield studiýasy ýerine ýetirdi.
Taslamany durmuşa geçiren deweloper binýadynda diň bilen ýanaşyk ýerleşýän 1925-nji ýyldaky Steinway Hall binasyny hem dikeltdi. Netijede diňdäki we oňa ýanaşýan Steinway Hall-daky rezidensiýalaryň sany 60-a ýetýär. 
Diňde eýýäm ornaşmak bolýar. Binada 25 metrlik basseýn we beýleki ajaýyp amatlyklar, şol sanda aýratyn naharhana we eýwanly fitnes merkezi bar. 


сегодня 14:47
1.1k+

В США готовят проект 10-километровой защиты Нью-Йорка от ураганов и наводнений

Инженерный корпус армии США представил проект масштабной системы защиты Нью-Йорка от штормовых нагонов и наводнений. Ключевым элементом может стать барьер длиной почти 10 километров между полуостровом Рокавей......

22.06.2026 00:57
5.5k+

США выделили ООН больше $1 млрд на гуманитарную помощь

Госдепартамент США объявил о выделении более $1 млрд на гуманитарную помощь и ликвидацию последствий стихийных бедствий. Средства распределены между двумя структурами ООН: ЮНИСЕФ получит более $218 млн, а......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google выделит 50 млн долларов на обучение строителей и электриков

Google направит 50 млн долларов через фонд Google.org на программы обучения рабочим специальностям в более чем 20 штатах США. Компания рассчитывает подготовить свыше 300 тысяч специалистов....

15.06.2026 12:34
1.6k+

Минюст США одобрил сделку Paramount и Warner Bros. Discovery на $111 млрд

Министерство юстиции США одобрило сделку по приобретению Warner Bros. Discovery компанией Paramount Skydance стоимостью $111 млрд....