Bütindünýä banky Owganystana kömek üçin doňdurylyp goýlan 1 mlrd dollardan gowrak puly herekete girizmegi karar etdi

  • 02.03.2022 18:03
  • 18k+

Sişenbe güni Bütindünýä bankynyň direktorlarynyň maslahaty Owganystany goldamaklyga niýetlenen doňdurylan 1 mlrd $-dan gowrak pul serişdesini  ynsanperwerlik kömegini berýän edaralaryň we guramalaryň bir toparyna bermegi karar etdi. Bu barada BB saýtynda çap edilen beýannamada habar berilýär.

Agzalan serişdeler «Taliban» radikal hereketi (Russiýada gadagan edilen) tarapyndan düzülen «wagtlaýyn hökümetiň gözegçiliginiň çäginden daşda bolar» diýip resminamada bellenýär. Onda teswir berlişine görä, serişde dürli maksatnamalara, şol sanda bilim, oba-hojalyk, saglygy goraýyş ulgamyndaky maksatnamalara amal etmeklige gönükdiriler.

2021-nji ýylyň dekabrynda BB direktorlarynyň maslahaty Owganystany goldamaklyga niýetlenen doňdurylan serişdelerden 280 mln dollary ynsanperwerlik kömegini edýän iki edara geçirmegi karar etdi. Şol agzalan edaralar Bütindünýä azyk maksatnamasy (BAM) we BMG-niň Çagalar gaznasydyr (ÝUNISEF).


şu gün 11:05
2.8k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

17.06.2026 11:27
2.4k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

06.04.2026 23:45
5.7k+

Kabulda «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Kabul şäherinde «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji mejlisi boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär....

28.02.2026 10:13
9.7k+

Türkiýe 7 milliard dollara yklymlarara demir ýol gurar

Türkiýe Demirgazyk aýlaw demir ýolunyň gurluşygy üçin alty halkara guramadan 6,75 milliard dollar maliýe serişdesini almak boýunça deslapky ylalaşyga ýetdi. Bu taslama Bütindünýä banky, Aziýa infrastruktura maýa goýum banky, Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky, OPEK-iň Halkara ösüş gaznasy we Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky tarapyndan maliýeleşdiriler...