Özbegistanda täze doglan çagalaryň sany artdy

Özbegistanda täze doglan çagalaryň sany artdy

Özbegistanda çagalaryň dogluş derejesiniň ep-esli ýokarlanandygy hasaba alyndy diýip, Döwlet statistika komiteti habar berýär. Muny uz.sputniknews.ru ýetirýär.

Döwlet statistika komitetiniň maglumatlary boýunça, respublikada tas bir ýylda 832,4 müň çaga dünýä indi. 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýurtda 64 474 çaga köp doguldy.
Öň, noýabr aýynda çaga dogluşy boýunça Samarkant welaýatynyň birinji orunda durýandygy belli boldy. Bu sebitde 9 434 çaga dünýä indi. Daşkent we Daşkent welaýaty ýedinji (6 912) we sekizinji ( 6 283) orunda ýerleşdi.