Nepomnýaşiý - Karlsen: 10-njy tapgyr hem deňlikde tamamlandy, umumy hasap - 3,5:6,5

  • 09.12.2021 12:38
  • 4.3k+

TmCars.info norwegiýaly Magnus Karlsen bilen russiýaly grossmeýster Ýan Nepomnýaşiýniň küşt boýunça dünýä çempionlygy ugrundaky gapma-garşylygyny yzarlamagyny dowam edýär. 10-njy tapgyrda küştçüler deňme-deň oýnady.

Oýun 41 göçümde tamamlandy. Oýunda Magnus aklar bilen oýnady.
Indi umumy hasap küşt boýunça dünýä çempiony adyny goraýan Karlseniň peýdasyna 6,5-3,5 boldy. Oýnuň nobatdaky - 11-nji tapgyry anna güni geçiriler.
Magnusa bu ýaryşda ýeňiş gazanmak üçin bary-ýogy bir ýeňiş ýa-da iki sany deňme-deňlik ýeterlik.

Küşt boýunça dünýä çempionlygy ugrundaky duşuşygyň Dubaýda geçirilýändigini ýatladýarys.

düýn 18:26
2.1k+

FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny $871 mln çenli artdyrdy

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny 15% artdyryp, tölegleriň umumy möçberini 871 million dollara ýetirmek barada çözgüt kabul etdi....

düýn 11:50
4.7k+

Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi......

düýn 11:46
4.2k+

Ýewropa we Konferensiýalar Ligasy: Emeriň emeli ýetmedi, Sarr oýlanmaga-da maý bermedi

Ýewropa Ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlarynda «Nottingem Forest» az-owlak tapawut bilen «Aston Willany» ýeňdi, Portugaliýanyň «Bragasy» bolsa soňky minutlarda Germaniýanyň «Fraýburgyna» aman diletdi.......

30.04.2026 16:03
3.4k+

EA täze UFC simulýatoryny yglan etdi — oýun 19-njy iýunda çykar

Electronic Arts kompaniýasy garyşyk söweş sungaty boýunça täze EA Sports UFC 6 simulýatoryny resmi taýdan yglan etdi. Oýun 2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda PlayStation 5 we Xbox Series pristawkalarynda çykar,......