«Barselonanyň» ýarymgoragçysy Pedri «Golden Boy» baýragyna eýe boldy

  • 23.11.2021 13:34
  • 6k+

Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubunyň ýarym goragçysy Pedri “Tuttosport” italýan neşirinden Ýewropada ýylyň iň gowy futbolçysyna (21 ýaşdan uly bolmadyk oýunçylar) berilýän “Golden Boy” baýragynyň eýesi boldy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Baýrak gowşurylyş dabarasy dekabr aýynda Italiýanyň Turin şäherinde geçiriler. Geçen ýyl baýragyň eýesi Dortmundyň “Borussiýasynyň” we Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand boldy.

2020/21-möwsüminde 18 ýaşly Pedri “Barselona” üçin, umumy alanyňda, 52 oýna gatnaşyp, dört gol geçirdi we alty netijeli geçirim etdi. Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde ol ÝEWRO-2020-de çykyş etdi we ýarym finala çykdy.

Pedri bilen bilelikde baýrak üçin 20 dalaşgärden ybarat sanawda Karim-Dawid Adeýemi (Germaniýa, “Bawariýa”), Jud Bellingem (Angliýa, Dortmundyň “Borussiýasy”), Eduardo Kamawinga (Fransiýa, “Real”), Şarl de Ketelare (Belgiýa, “Brýugge”), Gawi (Ispaniýa, “Barselona”), Braýan Hil (Ispaniýa, “Barselona”), Raýan Grawenberh (Niderlandlar, “Aýaks”), Meýson Grinwud (Angliýa, “Mançester Ýunaýted”), Daniel Maldini (Italiýa, “Milan”), Jamal Musiala (Germaniýa, “Bawariýa”) we beýlekiler bardy.


düýn 10:10
4.8k+

ÇL-iň 1/2 finalynda «Atletiko» — «Arsenal» duşuşygynyň ykbalyny iki penalti çözdi

«Atletiko» we «Arsenal» toparlarynyň UEFA Çempionlar ligasynyň ýarymfinal garşydaşlygynda birinji oýun 1:1 hasaby bilen tamamlandy. Madridde geçirilen duşuşykda iki topar hem gollaryny penaltiden urmagy......

29.04.2026 09:59
6.3k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......

28.04.2026 16:14
4.3k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 14:43
9k+

Dünýä çempionatynyň finalynyň biletleri 2,3 mln dollardan satylýar

FIFA-nyň resmi gaýtadan satuw platformasynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna dört sany bilet peýda boldy. Olaryň her biriniň bahasy 2,3 million dollara golaýlaýar....