18-nji noýabr: Türkmenistanyň çägine sowuk howa akymy aralaşýar

18-nji noýabr: Türkmenistanyň çägine sowuk howa akymy aralaşýar

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 18-nji noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1... -3° sowuk, gündizine +8... +10° maýyl bolar. Howanyň basyşy 750 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... +5°, gündizine +8... +13°, kenarýaka etraplarynda +6... +11° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +9... +11°, basyşy 764 mm, çyglylygy 45 — 65%.
Awazada: howa +8... +10°, basyşy 772 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Balkanabat şäherinde: howa +10... +12°, basyşy 773 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Ahal welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -4° sowukdan +1° çenli, gündizine +6... +11° maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +8... +10°, basyşy 746 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Tejen şäherinde: howa +9... +11°, basyşy 757 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Mary welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -5° sowuk, gündizine +5... +10° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +8... +10°, basyşy 754 mm, çyglylygy 55 — 75%.
Baýramaly şäherinde: howa +7... +9°, basyşy 753 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Lebap welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -5° sowuk, gündizine +4... +9° maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +5... +7°, basyşy 758 mm, çyglylygy 55 — 75%.
Kerki şäherinde: howa +7... +9°, basyşy 753 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Daşoguz welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, günbatardan tizligi sekuntda 6 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1... -6° sowuk, gündizine +2... +7° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +5... +7°, basyşy 766 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Köneürgenç şäherinde: howa +3... +5°, basyşy 767 mm, çyglylygy 55 — 75%.