Hytaýda gyşky Olimpiýa oýunlarynyň medallarynyň dizaýny hödürlendi

  • 28.10.2021 23:44
  • 2.6k+

2022-nji ýylda Pekinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Olimpiýa we Paralimpiýa medallarynyň dizaýnyny hödürledi. Bu barada RIA Nowosti agentligine salgylanyp, uz.sputniknews.ru habar berýär.

Medallaryň ýüz tarapynda bäş sany Olimpiýa halkasynyň logotipi, onuň töwereginde bolsa iňlis dilinde Oýunlaryň doly ady şekillendirilen. Medallaryň yzky tarapynyň merkezinde Oýunlaryň nyşany hem-de hytaý dilinde 2022-nji ýylda Pekinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlarynyň doly ady şekillendirilipdir.

Şeýle-de, yzky tarapy 24 nokady özünde saklaýan halkalar bilen bezelipdir. Bu “tükeniksiz ýyldyzly asmany” we “adam bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşygy” hem-de Oýunlaryň tertip belgisini (XXIV) aňladýar. 

Medal gutusy bambukdan taýýarlanylyp, bu “hytaý medeniýetiniň aýratynlyklaryny görkezýär we ekologiýa taýdan arassa Olimpiýa oýunlary konsepsiýasyna laýyk gelýär” diýip, guramaçylar belleýär.

XXIV gyşky Olimpiýa oýunlary 4 – 20-nji fewralda, Paralimpiýa oýunlary 4 – 13-nji martda Pekinde geçiriler. Hytaýyň paýtagty 2015-nji ýylyň 31-nji iýulynda Kuala-Lumpurda geçirilen HOK-nyň sessiýasynda Olimpiadanyň geçiriljek ýeri hökmünde saýlandy.

Pekin hem tomusky, hem gyşky Oýunlary kabul eden ilkinji şäher bolar. Tomusky Olimpiada Hytaýyň paýtagtynda 2008-nji ýylda geçirildi.


30.11.2025 10:36
2.4k+

ABŞ-da 2034-nji ýylda Ýutada geçiriljek Gyşky Olimpiýa Oýunlarynyň logotipi görkezildi

2034-nji ýylda Ýutada geçiriljek Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň Guramaçylyk komiteti wagtlaýyn logotipi görkezdi. Bu logotip ABŞ-nyň hökümeti ünsüni 2028-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryndan 2034-nji ýylyň Oýunlaryna taýýarlyk görmäge doly gönükdirýänçä, 2029-njy ýyla çenli ulanylar...

27.11.2025 13:28
7k+

Gresiýadaky Olimpiýada 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň alawy ýakyldy

Gresiýanyň gadymy Olimpiýa şäherinde 2026-njy ýylyň Gyşky oýunlarynyň öňüsyrasynda Olimpiýa alawyny ýakmak dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlary 6-njy fewraldan 22-nji fewrala çenli Milanda we Kortina-d'Ampessoda (Cortina d'Ampezzo) geçiriler...

16.11.2025 21:15
1.3k+

Los-Anjelesde Olimpiada-2028-iň guramaçylyk komiteti Oýunlaryň tertibini hödürledi

2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiadanyň guramaçylyk komiteti Oýunlaryň doly tertibini hödürledi. Onda sportuň medal ugrunda has köp göreşilýän iki görnüşi bilen baglanyşykly birnäçe aýratynlyklar bar...

24.10.2025 16:52
7.8k+

Awstraliýada Olimpiada-2032 üçin krokodilli derýa saýlandy

Awstraliýanyň Kwinslend ştatyndaky krokodilli Fisroý derýasy Olimpiada-2032-niň milli guramaçylyk komiteti tarapyndan ýeňil gaýykda we kanoede kürekleme boýunça ýaryşlaryň geçiriljek ýeri hökmünde tassyklandy. Awstraliýanyň ýaýlym korporasiýasynyň habar bermegine görä, ýaryşlary Rokgempton şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär...