2021-nji ýylyň iň girdejili filmi Hytaýyň uruşly dramasy boldy

2021-nji ýylyň iň girdejili filmi Hytaýyň uruşly dramasy boldy

Hytaýyň “Çosin suw howdanyndaky söweş” (“The Battle of Lake Changjin”) dramasy şu ýyl dünýäniň iň köp girdeji gazanan filmi boldy. Bu barada Artisan Gateway kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, “The Hollywood Reporter” habar berýär. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

Neşiriň maglumatlary boýunça, sentýabr aýynyň ahyrynda çykan blokbaster prokatda 828,1 mln dollar gazandy. Film, esasan, Hytaýyň çäginde prokata çykmak bilen şeýle netijä ýetmegi başardy. Muňa garamazdan, Golliwudyň ýekeje filmi-de heniz ondan öňe geçmedi.

Çen Kaýge, Suý Hark we Dante Lam tarapyndan döredilen filmde 1950-nji ýylda Koreýa urşy döwründe bolup geçen hakyky söweş wakasy gürrüň berilýär.

“Çosin suw howdanyndaky söweş” dramasynyň ýeke-täk bäsdeşi “Salam, eje” komediýasy boldy. Hytaýda döredilen bu komediýanyň premýerasy fewral aýynda boldy we film 821 mln dollar gazandy.

Pandemiýa başlany bäri iň girdejili amerikan filmi ýazda çykan “Forsaž 9” boldy. Ol ABŞ-da we dünýäde 761 mln dollar gazandy.