В Пекин доставили Олимпийский огонь зимних Игр-2022

  • 20.10.2021 18:50
  • 3.9k+

2022-nji ýylda Pekinde geçiriljek XXIV gyşky Oýunlaryň Olimpiýa alawy Afinadan Hytaýa getirildi. Bu barada Sinhua agentligi habar berýär diýip, TASS belleýär.

Onuň maglumatlary boýunça, çarşenbe güni irden Pekindäki Oýunlaryň guramaçylyk komitetiniň wekiliýeti bilen uçar Şoudu halkara howa menziline (Paýtagt howa menzili) gondy.

Duşenbe güni Gadymy Olimpiýada ýakylan alaw sişenbe güni 2022-nji ýylda Pekinde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylaryna gowşuryldy. Dabara Afinanyň “Panatinaikos” taryhy stadionynda Gresiýa Respublikasynyň prezidenti Katerina Sakellaropulunyň, Gresiýanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň (MOK) ýolbaşçysy Spiros Kapralosyň, 2022-nji ýylda Pekinde geçiriljek gyşky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň başlygynyň orunbasary we Hytaýyň MOK-nyň wise-prezidenti Ýuý Szaýsiniň we beýleki resmi adamlaryň gatnaşmagynda geçirildi. Koronawirus pandemiýasy sebäpli tomaşaçylar dabara gatnaşmady.

XXIV gyşky Olimpiýa oýunlary 2022-nji ýylyň 4 – 20-nji fewralynda, Paralimpiýa oýunlary 4 – 13-nji martda Pekinde geçiriler. Hytaýyň paýtagty 2015-nji ýylyň 31-nji iýulynda Kuala-Lumpurda geçirilen HOK-nyň sessiýasynda Olimpiadanyň geçiriljek ýeri hökmünde saýlandy.


06.05.2026 23:46
1.9k+

Душанбе примет World Judo Masters – один из главных турниров по дзюдо

Международная федерация дзюдо объявила, что турнир World Judo Masters пройдет в Душанбе с 18 по 20 декабря 2026 года....

06.05.2026 22:54
1.7k+

СМИ: МОК приостановил работу комитета по киберспорту

Международный олимпийский комитет (МОК) приостановил деятельность специализированного комитета по киберспорту. Об этом сообщает японское издание Livedoor....

15.03.2026 19:17
2.3k+

Mercedes снова на высоте: Антонелли – второй самый молодой победитель в «Формуле-1»

Итальянский пилот Mercedes Андреа Кими Антонелли стал победителем Гран-при Китая — второго этапа нового сезона чемпионата «Формулы-1». 19-летний Антонелли вошел в число самых молодых триумфаторов в истории серии...

03.03.2026 11:20
3.3k+

Серебряная медаль Олимпиады 1896 года ушла с молотка за $181 тыс.

Серебряную медаль первых современных Олимпийских игр продали на онлайн-аукционе за 181,3 тысячи долларов. Итоговая цена оказалась почти в четыре раза выше предварительной оценки, сообщает Reuters. Речь идёт о награде летних Олимпийских игр 1896 года, прошедших в Афинах...