Ýewropada we ABŞ-da elektrokarlar üçin iň çalt zarýad beriji peýda bolar

  • 03.10.2021 10:14
  • 6.8k+

Şweýsariýanyň ABB tehnoägirdi elektromobiller üçin dünýädäki iň çalt zarýad beriji stansiýany döretdi. Ýewropanyň we ABŞ-nyň ýollarynda Terra 360 modul gurluşlary 2021-nji ýylyň ahyrynda peýda bolar diýip, Euronews ýazýar. Muny lenta.ru ýetirýär.

ABB täze zarýad berijiniň islendik elektrokara 15 minutda doly zarýad berip bilýändigini, üç minutda bolsa 100 kilometri geçmek üçin ýeterlik energiýa bilen üpjün edýändigini belleýär. Şeýle-de, elektromobile zarýad bermek isleýänlere nobata durmagyň zerurlygy ýok, sebäbi bir stansiýadan birbada dört awtomobil zarýadlanyp bilýär. Elektrokarlaryň dürli görnüşlerinden başga-da, Terra 360 elektrik inwalid oturgyçlaryna hem laýyk gelýär we aňsat birikdirmek üçin ergonomiki kabeller bilen üpjün edilendir. Ýewropada we ABŞ-da çalt zarýad beriji stansiýalary 2021-nji ýylyň ahyrynda, Latyn Amerikasynda we Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde bolsa 2022-nji ýylda işe girizmek meýilleşdirilýär.

Awtomobiller dünýädäki kömürturşy gazy zyňyndylarynyň, takmynan, 20 göterimini öndürýärler, şonuň üçin köp ýurtlar uglerod yzyny azaltmak üçin elektromobil infrastrukturasynyň ösdürilmegini höweslendirýärler. 

Belläp geçsek, ABB kompaniýasy 2010-njy ýylda elektromobilleriň bazaryna çykany bäri dünýäniň 88 ýurdunda 460 müňden gowrak zarýad beriji gurluşlary satdy. 


şu gün 09:56
1.3k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 18:36
4.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 14:05
4.9k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......