Messiniň ilkinji goly «Man Sitini» ýeňmäge kömek etdi, «Şerif» «Realy» utdy

Messiniň ilkinji goly «Man Sitini» ýeňmäge kömek etdi, «Şerif» «Realy» utdy

Duşenbe güni, 28-nji oktýabrda UEFA Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşyklary geçirildi.

A topar
«Park-de-Prens-de» geçirilen «Pari Sen-Žermen» bilen «Mançester Sitiniň» arasyndaky duşuşyk fransuz klubunyň peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlandy. Gollary Idrissa Gueý we Lionel Messi geçirdi. Messi üçin bu gol parižlileriň düzüminde ilkinji pökgi boldy.
Topardaky beýleki duşuşykda «Brýugge» «RB Leýpsigi» ýeňdi. Hasap — 1:2.
«PSŽ» toparda gol tapawudy boýunça «Brýuggeden» öňe geçip, birinji orny eýeleýär.

B topar
«Liwerpul» «Dragau» stadionynda «Portuny» 1:5 hasabynda ýeňip, toparda ynamly birinji orny eýeleýär.
Gollary «Liwerpuldan» Mohammed Salah (dubl), Sadio Mane, Roberto Firmino (dubl).
Topardaky ugurdaş duşuşykda «Milan» öz meýdançasynda Madridiň «Atletikosyndan» 1:2 hasabynda ýeňildi.

C topar
Dortmundyň «Borussiýasy» öz meýdançasynda 1:0 hasabynda Lissabonyň, «Sportingi» ýeňdi.
Ugurdaş duşuşykda «Aýaks» öz meýdançasynda 2:0 hasabynda «Beşiktaşy» ýeňdi. 

D topar
Bu toparda «Şerif» myhmançylykda garaşylmadyk ýagdaýda Madridiň «Realyndan» üstün çykdy. Duşuşyk 1:2 hasabynda tamamlandy.
«Şerifiň» düzüminde Jasurbek Ýahşibaýew we Sebastýan Til tapawutlandy.
Ugurdaş duşuşykda «Şahtýor» Milanyň «Interi» bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady.
Bu toparda birinji orny 6 utuk bilen «Şerif» eýeleýär, ikinji ýerde 2 utuk toplan «Inter», soňky ýerlerde 1 utuk bilen «Real» hem-de «Şahtýor» ýerleşýär.