Hytaý ýylyň başyndan bäri nebit importyny 5,7% azaltdy

  • 18.09.2021 13:41
  • 3.3k+

Hytaý ýanwar – awgust aýlarynda 346,36 mln tonna nebit import etdi, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýyllyk hasabynda 5,7% azdyr. HHR-iň Döwlet statistika edarasynyň hasabatynda aýdylyşyna görä, daşary ýurtlardan tebigy gazy satyn almagyň möçberi 22,2% ýokarlanyp, 79,31 mln tonna ýetdi. Bu barada eadaily.com habar berýär.

Resminamada bellenilişi ýaly, diňe awgust aýynda Hytaý beýleki ýurtlardan 44,53 mln tonna nebit (ýyllyk hasabynda 6,2% pese gaçyş) we 10,44 mln tonna gaz (11,5% ýokarlanma) satyn aldy.

Hytaý kompaniýalarynyň nebit öndürijiliginiň möçberi sekiz aýyň dowamynda 2,4% ýokarlanyp, 133,22 mln tonna boldy. Milli nebiti gaýtadan işleýän zawodlarda nebitiň gaýtadan işlenilişi 7,4% ýokarlanyp, 470,79 mln tonna ýetdi.

Ýanwar – awgust aýlarynda HHR-iň energetika kompaniýalary 136,1 mlrd kub metr gaz öndürdiler (ösüş 10,8%). Diňe geçen aýda ösüşiň barşy ýyllyk hasabynda 11,3% (15,9 mlrd kub metr) boldy. Görkeziji 2019-njy ýylyň awgust aýyna garanda, 15,5% ýokary boldy.


düýn 19:01
3.7k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...