Bütindünýä banky Salwadora bitkoine geçmekde goldaw bermekden ýüz öwürdi

Bütindünýä banky Salwadora bitkoine geçmekde goldaw bermekden ýüz öwürdi

Bütindünýä banky Salwadoryň häkimiýetlerine bitkoini ulanmaga geçmekde kömek edip bilmejekdigini aýtdy diýip, Reuters agentligi ýazýar. Gurama Salwadoryň hökümetine dürli ugurlar boýunça, şol sanda walýutanyň aç-açanlygy we kadalaşdyryjy amallar pudagynda kömek etmäge taýýardygyny, ýöne kriptowalýutanyň döwlet derejesinde ulanylmagynda Bütindünýä bankynyň bitkoiniň ýeterlik derejede aç-açan we ekologiýa taýdan arassa däldigi sebäpli, goldaw berip bilmejekdigini belledi. 

16-njy iýunda Salwadoryň Maliýe ministri Alehandro Selaýýa ýurduň hökümetiniň bitkoini ABŞ-nyň dollary bilen bir hatarda kanuny töleg serişdesi hökmünde ulanmak üçin Bütindünýä bankyna tehniki kömek sorap ýüz tutandygyny habar berdi. Selaýýanyň aýtmagyna görä, Halkara pul gaznasy (HPG) Salwadoryň ykdysadyýeti bitkoinlere geçirmegine garşy däl diýip, www.rbc.ru belleýär.

Sişenbe güni Salwadorda bitkoini resmi töleg serişdesi diýip yglan edýän kanun güýje girdi. Merkezi Amerika respublikasynyň raýatlary ýörite Chivo elektron gapjygynyň kömegi bilen harytlary we hyzmatlary tölemek üçin bitkoini ulanyp bilýärler.

Salwador dünýäde bitkoini resmi töleg serişdesi hökmünde kanunylaşdyran ilkinji ýurt boldy. Degişli karar 9-njy iýunda ýurduň Mejlisi tarapyndan kabul edildi.
Bütindünýä banky garyp ýurtlara maliýe we tehniki kömek bermek üçin döredilen halkara maliýe guramasydyr.