Türkmenistanyň biržasynda 11 million dollarlyk geleşik baglaşyldy

  • 06.09.2021 18:16
  • 8.2k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Olaryň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million dollaryna golaý boldy.

Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Maltanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiabenzini we awiakerosini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna BAE-niň, Pakistanyň, Gyrgyzystanyň işewürlerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler hem-de nah ýüplük ýerlenildi. Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň we Pakistanyň işewürler toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 6 million 853 müň manatlykdan gowrak nah ýüplük satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 4 million 712 müň manatlyk plastik poddonlary, şeýle hem bahasy ABŞ-nyň 100 müň dollaryna golaý bolan portlandsementi satyn aldylar.


düýn 20:14
805

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

düýn 17:05
1.4k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

düýn 16:01
1.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 15:42
1.2k+

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......