Emeli et öndürýän kompaniýa emeli süýt hem çykaryp başlar

  • 21.08.2021 01:40
  • 8.8k+

Beyond Meat kompaniýasy emeli et öndürijileriniň biri hökmünde eýýäm giňden tanalýar. Kompaniýa indi önümçilik gerimini giňeldip, emeli süýt öndürmegi hem ýola goýmakçy bolýar diýip, ferra.ru habar berýär.

Beyond Milk kompaniýasynyň ABŞ-nyň Patent we söwda belligi edarasyna täze söwda belligi boýunça beren arzasy hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär diýip, çeşme belleýär. “The Street”-iň habaryna görä, kompaniýa alnan emeli süýdi süýtli kokteýl we kofe taýýarlamakda ulanmagy teklip edýär.

Täze önümiň has ýönekeý - Beyond Milk diýlip atlandyryljakdygy aýdylýar. Arza seredilmegi üçin bolsa azyndan 3 aý töweregi wagt gerek bolar diýlip garaşylýar.

Iň soňky maglumatlara görä, “Beyond Meat” ösümlik esasly emeli et öndürmekde bazaryň öňüni çekýär. Şeýlelikde, kompaniýa ABŞ-nyň umumy bazarynyň takmynan 13%-ini tutýar diýip, çeşme nygtaýar.


şu gün 00:17
600

Voyager Technologies: adamlar eýýäm 2030-njy ýyllardan başlap Aýda ýaşap we işläp bilerler

Voyager Technologies aerokosmos startapynyň baş direktory Dilan Teýlor adamlaryň şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýy işjeň öwrenmäge başlajakdygyny, indiki onýyllygyň başynda bolsa ol ýerde hemişelik ýaşap we......

12.05.2026 15:04
1.3k+

Hisense kompaniýasy hem AI-goldawy, hem dilden terjimesi bolan G11 audio äýnegini çykardy

Hisense resmi taýdan G11 akylly äýnegi bilen tanyşdyrdy, onuň esasy aýratynlygy gepleşikleri terjime etmek we dili hakyky wagtda terjime etmek üçin gurlan dil modelidir....

11.05.2026 20:26
927

Ulanyjylaryň nägiliginden soň Windows 11-de widjetleriň görnüşi ýönekeýleşdirilip başlandy

Microsoft kompaniýasy Windows 11-däki widjetleriň ulanyjylaryň ünsüni sowýandygyny we interfeýsi artykmaç ýükleýändigini boýun alyp, olary ýönekeýleşdirmek meýilnamasyny yglan etdi....

11.05.2026 15:47
1.5k+

Google displeýsiz, elýeterli Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy

Google kompaniýasy täzelenen Fitbit hatarynyň ilkinji enjamy bolan Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy. Bilezigiň kemeri bilen bilelikdäki umumy agramy bary-ýogy 12 grama deňdir....