Türkmen-täjik gepleşikleriniň gün tertibinde haýsy meselelere garaldy?

  • 05.08.2021 10:46
  • 10k+

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, 4-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ähli ugurlarda, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda däbe öwrülen türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şol ugurlarda özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistan Täjigistan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär, ýokary derejedäki şu günki ikitaraplaýyn taryhy duşuşygyň döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirildi. Şol gatnaşyklar iki doganlyk halkyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, umumy taryhy köklerine hem-de ruhy-medeni gymmatlyklaryna esaslanandyr. Gurbanguly Berdimuhamedow täjik Lideriniň saparynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bilen gabat gelendigini aýdyp, Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň sebit we dünýä syýasatynyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigini, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek işinde tagallalaryny birleşdirýändigini belledi. Bu duşuşygyň gün tertibine sebiti ösdürmek, hususan-da, häzir hemmeleri biynjalyk edýän Owganystandaky ýagdaý bilen bagly meseleler girizildi.
Prezident Emomali Rahmon döwrebap, sazlaşykly ösýän Türkmenistanyň, Merkezi Aziýa sebitiniň merjeni diýlip ykrar edilen, tanalmaz derejede özgeren türkmen paýtagtynyň hem-de iri şäherleriniň, hususan-da, Mary şäheriniň ösüşine haýran galandygyny aýdyp, täjik halkynyň türkmen doganlarynyň gazanýan üstünliklerine, Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösüşine, ençeme durmuş meseleleriniň oňyn çözülmegine buýsanýandygyny nygtady.
Söhbetdeşler dostlukly, ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň eýe bolan mümkinçilikleriniň hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň esasy ugurlaryny nazara almak bilen, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Iki döwletiň Baştutanlary Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň Prezidentleri özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.
Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga geçmezden öňürti, ýokary derejeli myhmany 2020-nji ýylyň noýabrynda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen ýene-de bir gezek gutlap, Emomali Rahmonyň şu saparynyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlananyndan soň, biziň ýurdumyza ilkinji döwlet sapary bolmagynyň özboluşly manysynyň bardygyny belledi.
Türkmen Lideri gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak üçin sebit görnüşindäki gurama hökmünde şu ýyl Türkmenistanyň başlyklyk edýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyny (YHG) belläp geçip, Täjigistanyň ýylyň dowamynda meýilleşdirilen çärelere, şol sanda şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan YHG-niň 15-nji nobatdaky sammitine işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.


düýn 16:01
11k+

Wladimir Putin 12-nji dekabrda Türkmenistana geler

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Prezident Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň döwlet Baştutanynyň kömekçisi Ýuriý Uşakow brifingde mälim etdi diýip, TASS habar berýär...

düýn 13:15
20k+

Türkmenistanda bikanun ulag belgileri, gadagan edilen ýerlerde durmak we tizlik üçin jerimeler artdyryldy

Prezident Serdar Berdimuhamedow "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Degişli kanunçylyk namasy "Türkmenistan" gazetinde çap edildi...

düýn 11:38
13k+

Serdar Berdimuhamedow etrap prokuraturalarynda wezipe üýtgeşmelerini geçirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow, “Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, prokurorlary wezipä bellemek we boşatmak hakynda resminamalara gol çekdi. Resminama...

düýn 11:28
8.2k+

Aşgabadyň merkezi şaýollarynda gatnawlar wagtlaýyn çäklediriler

8 – 12-nji dekabr aralygynda Aşgabadyň birnäçe şaýollarynda awtoulaglaryň hereketi wagtlaýyn çäklendiriler. Bu çäreler  Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp çäreleri geçirmek bilen baglanyşykly görülýär...