Ýaponiýaly gimnastikaçy şahsy mnogoborýede Olimpiadanyň altyn medalyny gazandy

Ýaponiýaly gimnastikaçy şahsy mnogoborýede Olimpiadanyň altyn medalyny gazandy

Ýaponiýaly gimnastikaçy Daiki Hasimito Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda şahsy mnogoborýede altyn medal gazandy. Ol alty maşk üçin jemi 88,465 bal aldy.

Ikinji orny hytaýly Sýao Žoten (88,065 bal) eýeledi. Bürünç medala russiýaly Nikita Nagornyý (88,031 bal) mynasyp boldy. Ýaponiýaly türgen perekladinada we atda (sport gimnastikasyndaky gurallaryň biri) iň gowy netijeleri görkezdi, erkin maşklarda ikinji, eliňi diräp bökmekde we bruslarda dördünji, halkalarda 12-nji boldy. Nagornyý bruslarda we halkalarda gowy netijeleri görkezdi. Ol eliňi diräp bökmekde ikinji, atda bäşinji, perekladinada we erkin maşklarda ýedinji boldy.