Iň çalt işleýän smartfonlaryň reýtingi täzelendi

  • 11.07.2021 22:36
  • 14k+

AnTuTu bençmarky 2021-nji ýylyň iýun aýy üçin “Androidiň” iň çalt işleýän flagman smartfonlarynyň dünýä reýtingini tanyşdyrdy. Sanawda birinji ýeri "Nubia Red Magic 6" smartfony eýeledi. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

"Nubia Red Magic 6" smartfony 842,168 bal bilen reýtingde "ROG Phone 5"-den, "iQOO 7"-den we beýlekilerden öňe geçdi. Bu bolsa mundan bir aý öň birinji orny eýelän “Realme GT”-den 20,000 bal köpdür. “Red Magic 6”-da 16 Gb RAM we 256 Gb içerki ýat bilen üpjün edilen “Snapdragon 888” prosessory oturdylandyr. Şeýle hem, smartfon 165 Hz ýygylykly ekran bilen enjamlaşdyrylandyr.
Ýeri gelende bellesek, bäsdeş smartfonlarda has köp duşýan prosessor “Snapdragon 888” boldy. Sebäbi AnTuTu reýtingindäki ähli smartfonlar bu prosessorda işleýär diýip, çeşme habar berdi.

düýn 15:59
687

OpenAI we Google modelleriniň hytaýly bäsdeşi bolan DeepSeek V4 neýroulgamy çykdy

DeepSeek kompaniýasy özüniň täze uly dil modeli bolan V4-üň deslapky wersiýasyny çykardy. Ol beýleki modeller üçin ýokary öndürijilikli we tygşytly bäsdeş hökmünde görkezilýär....

düýn 15:13
1.7k+

Samsung «Galaxy Buds» gulaklyklary üçin konserwa bankalary görnüşindäki çehollary tanyşdyrdy

Samsung kompaniýasy Galaxy Buds gulaklyklarynyň zarýad beriji keýsleri üçin özboluşly gorag çehollarynyň seriýasyny çykardy. Olar iýmit önümleri salynýan bankalar görnüşinde dizaýn edildi....

düýn 11:38
2k+

Emeli aň az öwrenilen dillerde has gowy işläp başlady

Häzirki zaman emeli aň modelleri seýrek duş gelýän we az öwrenilen diller bilen işlemegi ep-esli gowulandyrdylar. Bu barada TechRadar neşiri RWS kompaniýasynyň geçiren barlagyna salgylanyp habar berýär....

düýn 08:07
1.6k+

ChatGPT ulanyjylaryny ýitirýär: olar Gemini we Claude-a geçýärler

Bäsdeşlik gurşawynyň güýçlenmegi bilen «ChatGPT» çat-botunyň meşhurlygy kem-kemden azalýar. Ulanyjylar emeli aňyň alternatiw hyzmatlary bolan «Gemini» we «Claude» ýaly platformalara geçip başladylar....