Ýewro-2020: Italiýa goşmaça wagtda Awstriýany ýeňip, 1/4 finala çykdy

  • 27.06.2021 08:17
  • 6.9k+

Italiýanyň milli ýygyndysy Ýewropa çempionaty - 2020-niň 1/8 final tapgyrynda Awstriýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşdy. Oýun Londondaky «Uembli» stadionynda geçirilip, italýanlaryň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy.

Duşuşygyň esasy wagty deňme-deňlikde tamamlandy. 95-nji minutda italýanlardan Federiko Kýeza hasaby açdy. 10 minutdan soňra Matteo Pessina ikinji goly geçirdi. 114-nji minutda awstriýalylaryň hüjümçisi Saşa Kalaýjik toparynyň ýeke-täk goluny geçirdi.
Şeýlelikde, Italiýanyň milli ýygyndysy Ýewro-2020-niň 1/4 final tapgyryna çykdy. Ol Belgiýa - Portugaliýa jübütiniň ýeňijisi bilen oýnar.
Ýewro-2020-niň çärýek finalyna şeýle hem Daniýa çykdy.


düýn 15:02
3.1k+

«Çelsiniň» baş kompaniýasy 630 million funt sterling möçberde zyýan çekdi

«Çelsi» futbol klubunyň baş kompaniýasy bolan BlueCo 22 2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanan maliýe ýylynyň netijeleri boýunça 630 million funt sterling möçberinde zyýan çekendigini hasaba aldy....

düýn 14:05
6.2k+

«Real Sosýedad» Ispaniýanyň Kubogyny aldy: 14-nji sekuntda geçirilen gol rekordy täzeledi

«Real Sosýedad» Ispaniýanyň Kubogynyň final duşuşygynda penalti tapgyrynda Madridiň «Atletikosyny» ýeňlişe sezewar etdi....

düýn 11:18
2.3k+

AFK-nyň Elita Çempionlar ligasynda gatnaşyjylaryň sanyny 32-ä ýetirmek meýilleşdirilýär

Aziýa futbol konfederasiýasynyň Ýaryşlar komiteti 2026/27 möwsüminden başlap, Elita Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyryna gatnaşyjylaryň sanyny 24-den 32-ä çenli köpeltmegi maslahat berdi....

18.04.2026 23:43
6.9k+

«Oýunçylar öwülse-de, özüme hem buýsanýaryn»: Lempard «Kowentrini» APL-e çykardy

«Kowentri Siti» futbol kluby 2001-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Angliýanyň premýer-ligasyna (APL) dolanmagyny resmi taýdan kepillendirdi....