Локдаун не помог Европе существенно снизить уровень загрязнения воздуха

  • 23.06.2021 19:20
  • 13k+

Pandemiýa döwründäki lokdauna we zyýanly zyňyndylaryň azalmagyna garamazdan, Ýewropa Bileleşiginiň köp ýurtlarynda howanyň hapalanma derejesi ýokary bolmagynda galýar. Munuň şeýledigine Daşky gurşaw boýunça Ýewropa agentliginiň maglumatlary hem şaýatlyk edýär. Kömrüň entegem esasy energiýa çeşmesi hasaplanýan ýurtlarda ýagdaýlar has-da ýaramaz. Barlaglaryň netijeleri barada euronews.com habar berdi.

Barlaglaryň netijelerinden mälim bolşy ýaly, Polşanyň Nowa-Sonç, Italiýanyň Kremon, Horwatiýanyň Slawonski-Brode şäherleri howasy iň hapa şäherlerdir. Şwesiýanyň demirgazygynda ýerleşýän Umeo şäheri bolsa iň arassa howaly şäher boldy. Şeýle-de Finlýandiýanyň Tamper we Portugaliýanyň Funşal şäherleriniň ýaşaýjylary hem arassa howadan dem alýarlar.

Katrin Gansleben,
Daşky gurşaw boýunça Ýewropa agentliginiň ylmy ýolbaşçysy:
«PM 2,5 — howanyň hapalanmagynda esasy element. Hasaplamalara görä, her ýylda Ýewropada 400 müňden gowrak wagtyndan ir aradan çykmalar hasaba alynýar. Ýewropa Bileleşigindäki bu hadysanyň esasy sebäpkäri ýürek we öýken bilen bagly agyr kesellerdir. Eger siz hapa howaly şäherde ýaşaýan bolsaňyz, ol siziň hem-de siziň çagalaryňyzyň saglygyna howp salýar».
Ýewropanyň 323 şäherini öz içine barlaglarda aýdylyşy ýaly, çäklendirmeler bilen bagly öňüni alyş çäreleri azot dioksidiniň görnetin azalmagyna, käbir ilatly ýerlerde tutuş 60 göterim pese düşmegine getirdi. Ýöne howadaky gaty bölejikleriň derejesi entegem ýokary bolmagynda galýar. Çünki diňe bir ulaglar däl, eýsem, senagat we oba hojalygy hem olaryň esasy çeşmesi.

Katrin Gansleben:
«Gazylyp alynýan ýangyja maýa goýulmagyny bes etmek — esasy kabul edilmeli çözgüt. Oba hojalygynda zyýanly zyňyndylaryň çeşmelerini anyklamak gerek, ulag ulgamynyň işine, energiýanyň önümçiligine seljerme geçirmeli, ahyrynda bolsa gazylyp alynýan ýangyçdan el çekmeli».
Alymlar Ýewropa Bileleşiginiň pandemiýadan soň ykdysadyýeti dikeltmäge niýetlenen öz gaznasyndan şäherleriň howasynyň hilini gowulandyrmaga-da serişdeleri goýberjekdigine umyt bildirýärler.


24.03.2026 07:08
3.9k+

ВМО: 2025 год стал одним из самых теплых за 176 лет

2025 год стал одним из самых жарких за всю историю наблюдений, заняв второе или третье место. Об этом говорится в докладе Всемирной метеорологической организации. Средняя глобальная температура превысила доиндустриальный уровень 1850–1900 годов примерно на 1,43 градуса...

16.03.2026 16:46
8.1k+

Изменение климата увеличивает продолжительность суток на Земле

Изменение климата влияет на скорость вращения Земли и приводит к увеличению продолжительности суток. К такому выводу пришли исследователи Венского университета и Цюрихского технологического института. По их данным, сейчас сутки удлиняются примерно на 1,33 миллисекунды за столетие...

16.02.2026 15:06
10k+

В Италии обрушилась знаменитая скала «Арка влюбленных»

На побережье Адриатического моря в итальянской области Апулия обрушилась скала Сант-Андреа, также известная как «Арка влюбленных». По данным местных властей, причиной стало сочетание непогоды и морской эрозии. Символично, что обрушение произошло 14 февраля, в День всех влюбленных, пишет Corriere Lecce...

15.02.2026 17:58
5.7k+

Финский залив покрылся льдом сильнее, чем когда-либо за последнее десятилетие

Площадь льда в Финском заливе в феврале 2026 года стала самой большой за последние десять лет. Об этом сообщила газета Helsingin Sanomat. По данным издания, толщина льда сейчас составляет от 10 до 40 сантиметров...