Индийский чай может подорожать из-за коронавируса и засухи

  • 20.05.2021 18:20
  • 15k+

Hindistanda koronawirusyň täze tolkuny çaý plantasiýalaryna hem ýetdi. Ýurduň iň uly çaý öndürijisi bolan Assam ştatyndaky 90 çaý plantasiýasynda 500-den gowrak koronawirus ýagdaýy ýüze çykaryldy. Şeýle-de bolsa, plantasiýa eýeleri ähli işgärleriň goşmaça barlaglarynyň epidemiýanyň hakyky derejesini görkezip biljekdigini aýdýarlar. Bu barada «Financial Times» neşirine ýerli çaý assosiasiýasynda habar berildi. Muny 360tv.ru ýetirýär.

Koronawirus bilen bagly ýaramaz ýagdaý beýleki 800 plantasiýada hem hasaba alynýar. Öndürijiler eger ýagdaýy gözegçilik astyna almak başartmasa, epidemiýanyň hasylyň ýygnalmagyna päsgel berip, çaýyň bahasynyň gymmatlamagyna getirip biljekdigini duýdurýarlar.
Önümçilikde ýokanjyň ýaýramagyna köp işgärleriň ýaşaýan we zähmet çekýän şertleri hem täsir edýär. Bellenilişi ýaly, çaý önümçiliginiň işgärleri, adatça, uly topar bolup işleýärler we hereket edýärler, olaryň ýaşaýan ýerleri bolsa, köplenç, adamdan dolýar.
Koronawirus bilen bagly ýagdaý çaý ýapraklarynyň agaçlarda guramagyna getirýän Assamdaky we Hindistanyň demirgazyk-gündogaryndaky güýçli gurakçylyk sebäpli hem ýaramazlaşýar. Şu ýylyň mart aýynda Demirgazyk Hindistanda çaý önümçiligi, Van Rees kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, bary-ýogy 47 mln kg ýetdi. Pandemiýadan öň, ýagny 2019-njy ýylda ol 60 mln kg bolupdy.

25.06.2026 20:11
3.4k+

Основатель индийского стартапа Cred возглавит WhatsApp

Компания Meta объявила о смене руководства WhatsApp. Уилл Кэткарт, возглавлявший мессенджер последние семь лет, перейдёт на другую должность внутри компании, а новым руководителем станет основатель индийского......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung впервые за 25 лет перестала быть самой дорогой компанией Южной Кореи

Samsung Electronics впервые за 25 лет уступила звание самой дорогой компании Южной Кореи. Производитель чипов SK Hynix обогнал ее по рыночной капитализации, сообщает Reuters....

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti продает клюшки для гольфа по цене спорткара

Компания Bugatti представила новую линейку аксессуаров для гольфа, разработанную совместно с японской фирмой Honma. Стоимость отдельных клюшек начинается от 3200 долларов, а цена самого дорогого набора......

23.06.2026 08:37
7.6k+

В Европе ежедневно появляется по 20 новых миллионеров с состоянием свыше $30 млн

За последние 5 лет численность людей с ультравысоким доходом в Европе увеличилась на 25%. Согласно данным свежего отчета Knight Frank Wealth Report, на европейском континенте проживает 183 953 человека, чье......