Hakerler Apple-den 50 mln dollarlyk gurluş çyzgysyny ogurladylar

  • 27.04.2021 15:11
  • 15k+

REvil haker topary Apple-den 50 mln dollarlyk gizlin gurluş çyzgysyny ogurlady diýip, Bloomberg agentligi habar berýär. Muny iz.ru ýetirýär. Hüjüm edijiler Apple, Dell, Hewlett-Packard, Blackberry we beýleki birnäçe iri tehnologiýa kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýän Taýwandan komponent öndüriji Quanta Computer-iň toruny döwdüler. Apple bilen hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, Quanta Computer, esasan, MacBook-y ýygnaýar.

Hakerler täze MacBook-yň shemalaryny eýýäm neşir etdiler. 15 suratda gajetiň içki gurluşy jikme-jik şekillendirilýär. Hakerler Quanta Computer kompaniýasyna edilen “hüjümde” birnäçe gizlin maglumatlaryň hem ogurlanandygyny habar berdiler. Ogurlyk baradaky maglumat Apple Spring Loaded çäresiniň başlamazyndan öň peýda bolupdy. Emma Quanta hem, Apple hem hakerleriň talaplaryna jogap bermedi. Indi kiber ogrulary ogurlanan maglumatlar üçin Apple kompaniýasyndan töleg talap edýärler. Olar beýleki maglumatlary hem ýaýratjakdyklary bilen gorkuzýarlar.
Uly kompaniýalara we torlara edilen soňky hüjümler ýaly, Microsoft Exchange Server-däki gowşaklyk Quanta Computer serwerleriniň döwülmegine kömek etdi. Bir aý mundan öň şeýle shema boýunça REvil topary Acer kompaniýasynyň maglumatlaryna elýeterlilik alypdy.
Häzir REvil Apple we arasynda HP, Dell, Microsoft, Toshiba, LG, Lenovo we beýleki köp sanly brendler bolan Quanta müşderileri bilen töleg almak barada gepleşik geçirýär.

düýn 23:54
3.8k+

Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň......

düýn 20:14
5k+

Mýanmadaky partlama netijesinde 50-ä golaý adam heläk boldy

Mýanmanyň demirgazyk-gündogaryndaky binalaryň birinde bolan güýçli partlama netijesinde 46 adam wepat boldy, olaryň alty sanysy çagalardyr. Şeýle hem ýene-de 74 adam şikes alyp, Namhkam okrugynyň hassahanasyna......

29.05.2026 23:56
6.2k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
9.9k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......