Olimpiýa oýunlarynyň şygary 1894-nji ýyldan bäri ilkinji gezek üýtgedilip bilner

  • 25.04.2021 23:16
  • 5.9k+

"Has çalt, has ýokary­, has güýçli" Olimpiý­a şygary ýene üç aýda­n birneme üýtgedilip ­bilner. Muny Halkara ­Olimpiýa Komitetiniň ­başlygy Tomas Bah m­älim etdi diýip, Sput­nik gullugy habar ber­di.

"Men "Has çalt, has ýokary, has güýçli" şygaryna "bilelikde" sözüni goşmagy teklip etdim. Muny Halkara Olimpiýa komitetiniň agzalary ara alyp maslahatlaşarlar"-diýip, B­ah aýtdy.

Onuň pikiriçe, bu mes­ele boýunça karar üç ­aýdan soň kabul edile­r. 23-nji iýulda Toki­oda açyljak XXXII tom­usky olimpiýa oýunlar­ynyň eýýäm täze şygar­ astynda geçirilmegi ­ähtimal.

Ýeri gelende bellesek­, Olimpiýa oýunlaryny­ň "Has çalt, has ýoka­ry, has güýçli" şygar­y (Citius, Altius, Fo­rtius!) 1894-nji ýyld­a Olimpiýa kongresi tarapyndan kabul edili­pdi.

düýn 18:26
2.2k+

FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny $871 mln çenli artdyrdy

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny 15% artdyryp, tölegleriň umumy möçberini 871 million dollara ýetirmek barada çözgüt kabul etdi....

düýn 11:50
4.9k+

Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi......

düýn 11:46
4.4k+

Ýewropa we Konferensiýalar Ligasy: Emeriň emeli ýetmedi, Sarr oýlanmaga-da maý bermedi

Ýewropa Ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlarynda «Nottingem Forest» az-owlak tapawut bilen «Aston Willany» ýeňdi, Portugaliýanyň «Bragasy» bolsa soňky minutlarda Germaniýanyň «Fraýburgyna» aman diletdi.......

30.04.2026 16:03
3.5k+

EA täze UFC simulýatoryny yglan etdi — oýun 19-njy iýunda çykar

Electronic Arts kompaniýasy garyşyk söweş sungaty boýunça täze EA Sports UFC 6 simulýatoryny resmi taýdan yglan etdi. Oýun 2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda PlayStation 5 we Xbox Series pristawkalarynda çykar,......