Guterriş: 2021-nji ýyl howanyň üýtgemegine garşy göreşde öwrülişikli ýyl bolar

  • 22.04.2021 22:41
  • 19k+

Şu ýyl howanyň soň yzyna dolap bolmajak üýtgemeginiň öňüni almak boýunça çäreleri görmek üçin möhüm ýyl bolar. Bu barada BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň “Global klimat” hasabatynyň tanyşdyrylyşynda aýtdy diýip, report.az habar berýär.

Guterriş hasabatyň maglumatlaryny biynjalyk ediji diýip atlandyrdy. “Bu ýyl hereket ýyly, “näme bolsa-da, etmegiň” ýyly bolmaly. Bu, hakykatdanam, adamzat taryhy üçin öwrülişikli ýyl” – diýip, BMG-niň ýolbaşçysy belledi.

“Biz kert gaýanyň gyrasynda durýarys. Soňky alty ýyl gözegçiligiň tutuş taryhynda iň yssy ýyl boldy” – diýip, Baş sekretar duýdurdy.

Şunuň bilen baglylykda, Guterriş “Uly ýediligiň” ýurtlaryny iýun aýynda geçiriljek sammitde howanyň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça çäreleri maliýeleşdirmek üçin 100 mlrd dollaryň bölünip beriljekdigi barada yglan etmäge çagyrdy.
ABŞ 22-23-nji aprelde howanyň üýtgemegine garşy göreşmek meseleleri boýunça halkara sammitini geçirmegi meýilleşdirýär, oňa 40 dünýä lideri çagyryldy. Bu çäre daşky gurşawa zyýanly zyňyndylary azaltmak boýunça tagallalary jemlemek mowzugyna bagyşlanar. Şu güne çenli 100-den gowrak ýurt 2050-nji ýyla, Hytaý bolsa 2060-njy ýyla çenli uglerod zyňyndylarynyň nol balansyny gazanmakçydygyny mälim etdi.

“Biz bu sammiti heniz muny etmedik ýurtlar üçin uglerod zyňyndylarynyň nol balansyny gazanmak bilen bagly meýilnamalaryny aýtmak üçin mümkinçilik hökmünde görýäris” – diýip, Guterriş belledi.

düýn 23:54
658

Google 2027-nji ýylda maglumat merkezlerini kosmosda gurup başlar

Google eýýäm 2027-nji ýylda kosmos giňişliginde maglumat merkezleriniň gurluşygyna başlamagy meýilleşdirýär. Suncatcher atly taslama köp energiýa sarp edýän maglumat merkezlerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin Gün energiýasyny has netijeli ulanmagy maksat edinýär diýip, Google-yň baş direktory Sundar Piçai habar berdi...

düýn 15:34
1k+

Alymlar yslary beýnä ultrases arkaly geçirmegi öwrendiler

Inženerler we barlagçylar topary ilkinji gezek ys alyş ukybyna jogap berýän merkeze gönükdirilen ultrasesiň kömegi bilen adamlarda yslary – mysal üçin, “arassa howa” ýa-da “ýanan odun” ýaly duýgulary döredip bildiler...

03.12.2025 11:09
5.2k+

Arheologlar Stounhenjiň golaýyndaky ägirt uly çukurlaryň tegeleginiň emeli gelip çykyşyny tassykladylar

Arheologlar Stounhenjiň golaýyndaky äpet çukurlar zynjyrynyň adamlar tarapyndan döredilendigine subutnama tapdylar diýip, “Internet Arheologiýasy” žurnalynyň bir makalasyna salgylanýan BBC we “The Guardian” habar berýär...

03.12.2025 10:53
6.6k+

FT: Afrikanyň tokaýlary uglerody siňdirmegi bes edip, parnik gazlaryny çykaryp başladylar

Afrikanyň öň parnik gazlaryny özüne siňdirýän tokaýlary geçen onýyllygyň başynda, tokaýlaryň köpçülikleýin çapylmagy sebäpli, CO2 zyňyndylarynyň iň uly çeşmelerinden birine öwrüldi. Bu barada halkara klimaty öwrenýän alymlar toparynyň geçiren barlagyna salgylanýan Britaniýanyň Lester uniwersitetiniň metbugat gullugy habar berýär...