«Türkmenawtoulaglary» merkezleşdirilen maglumatlar binýadyny döreder

  • 18.04.2021 05:46
  • 12k+

«Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan «Daşaýjylaryň awtoulagda halkara gatnawlara goýberilmegi hakynda» Düzgünnamanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Onda ýurdumyzyň daşaýjylarynyň awtoulagda halkara gatnawlara goýberilmegine bildirilýän talaplar we şertler kesgitlenildi, halkara gatnawlarda ýolagçylar gatnadylanda, olaryň hökmany döwlet ätiýaçlandyrylmasy bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirmek göz öňünde tutuldy.
Degişli ýüztutmalaryň esasynda, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasy tarapyndan olara elektron rugsatnamany bermek hem-de maglumatlary jemlemek üçin merkezleşdirilen maglumatlar binýadyny döretmek we onuň üsti bilen gözegçilik etmek meýilleşdirilýär.

şu gün 17:44
1.4k+

Toyota Tacoma ABŞ-da taryhy satuw rekordyny goýdy

Toyota Tacoma pikapy ABŞ-da 2025-nji ýyly rekord satuw bilen tamamlady – model amerikan bazarynda 30 ýyldan gowrak wagt bolmak bilen, häzire çenli iň gowy netijäni görkezdi. Bir ýylda Toyota 274 638 sany Tacoma awtomobilini satdy, bu bolsa 2024-nji ýylda satylan pikaplardan 42,4% köpdür...

şu gün 16:36
1.1k+

Mercedes-Benz 52 ýylda ilkinji gezek Ýewropada «Ýylyň awtomobili» adyny aldy

Mercedes-Benz CLA Ýewropada «Ýylyň awtomobili 2026» diýlip ykrar edildi. Bäsleşigiň netijesi Brýusseldäki Halkara awtosalonyň çäklerinde geçirilen gala agşamynda yglan edildi. Ýeňiji 23 Ýewropa ýurdundan 59 awtomobil žurnalisti tarapyndan kesgitlendi...

şu gün 16:31
976

AUDI E5 Sportback Hytaýda «Ýylyň awtomobili» diýlip ykrar edildi

AUDI E5 Sportback elektrik ulagy «Hytaýda ýylyň awtomobili 2026» adyny aldy. Ýeňiji awtomobil KHBS-iniň hünärmenler komissiýasy tarapyndan kesgitlendi. Audi AG-yň täze golçur markasy bolan AUDI üçin bu hytaý bazarynda şeýle derejeli ilkinji baýrak boldy – brend hytaý bazaryna geçen ýyl çykypdy...

düýn 21:26
3.2k+

BYD taksi we korporatiw awtoparklar üçin bazara täze Linghui brendini çykarýar

BYD kompaniýasy diňe korporatiw müşderiler we taksi parklary üçin niýetlenen täze Linghui («Linhueý») brendini işe girizýär. Brendiň ilkinji modelleri barada maglumatlar Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň bazasynda hödürlendi...