Çempionlar ligasy: «PSŽ» we «Çelsi» ýarym finala çykdylar

  • 14.04.2021 07:18
  • 11k+

Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň jogap duşuşygynda «Pari Sen-Žermen» fransuz kluby öz meýdançasynda «Bawariýadan» 0:1 hasabynda ýeňildi.
Duşuşykda ýeke-täk pökgini 40-njy minutda Erik Şupo-Moting geçirdi. Bu klublaryň arasyndaky birinji duşuşyk 3:2 hasabynda tamamlanypdy. Şeýlelikde myhmançylykda geçirilen gollaryň agdyklyk etmegi netijesinde ýaryşyň ýarym final tapgyryna «PSŽ» çykdy.

Çempionlar ligasynyň beýleki duşuşygynda «Çelsi» öz meýdançasynda «Portudan» 0:1 hasabynda ýeňildi. Emma bir hepde mundan öň, myhmançylykda gazanan ýeňşiniň hasabyna ýarym finala çykdy.
Duşuşykda ýeke-täk goly 94-nji minutda Mehdi Taremi geçirdi.
Bu klublaryň arasyndaky birinji duşuşyk «Çelsiniň» hasabyna 2:0 bilen tamamlanypdy. 
1/2 final tapgyrynda «Çelsi» «Real» — «Liwerpul» jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar.
Çempionlar ligasynyň ýarym final tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary 27-28-nji aprelde, jogap oýunlar 4-5-nji maýda geçiriler.

düýn 14:40
1.2k+

London marafony – 2026 taryhda iň köpçülikleýin marafon boldy: tas 60 müň adam gatnaşdy

2026-njy ýylyň TCS London marafony pellehana ýeten gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýup, dünýäde iň köpçülikleýin marafon adyny resmi taýdan gaýtaryp aldy....

düýn 09:59
5.6k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......

28.04.2026 16:14
4.1k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 14:43
8.5k+

Dünýä çempionatynyň finalynyň biletleri 2,3 mln dollardan satylýar

FIFA-nyň resmi gaýtadan satuw platformasynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna dört sany bilet peýda boldy. Olaryň her biriniň bahasy 2,3 million dollara golaýlaýar....