Türkmenistan kitaphana işini ösdürmek boýunça halkara foruma gatnaşdy

  • 12.03.2021 21:26
  • 5.7k+

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hem-de welaýatlaryň iri kitaphanalarynyň wekilleri wideomaslahat görnüşinde geçirilýän «Kitaphanalaryň arkalaşygy: üstünlikler we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi» atly iki günlük halkara foruma gatnaşdylar.

Çäre Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna hem-de kitaphana işiniň iň oňat tejribesi we GDA ýurtlarynyň kitaphanalarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi bilen tanyşdyrmaga bagyşlanyldy.
Onlaýn forumyň çäklerinde “Iň oňat amalyýetçiler — 2020 we ugurlar — 2021” diýen bilermenleriň derejesindäki mejlisde GDA agza döwletleriň kitaphanalarynyň ýolbaşçylary duşuşdylar.
12-nji martda «Kitaphanalaryň arkalaşygy: üstünlikler we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi» diýen halkara maslahatynyň çäklerinde ýurdumyzyň welaýat kitaphanalarynyň işi barada çykyşlar diňlenildi. «2020-nji ýylyň wehimleri: Arkalaşygyň kitaphana jemgyýetçiligine degişli meseleler» diýen at bilen meýilleşdirilen pikir alyşmalarda çäklendirilen çäreleriň şertlerinde kitaphanalaryň işleri we ilkinji nobatdaky wezipeleriň çözülişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

düýn 23:54
713

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
772

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 23:45
570

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....

düýn 20:40
1.4k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....