Бердымухамедов вручил штангистке Юлдуз Джумабаевой золотую медаль чемпионки мира

  • 10.03.2021 18:52
  • 77k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen agyr atletikaçysy Ýulduz Jumabaýewa 2018-nji ýylyň agyr atletika boýunça 45 kilograma çenli agramda dünýä çempionynyň altyn medalyny gowşurdy.

Dabara şu gün Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde geçirildi.
Tmcars.info-nyň öň habar berşi ýaly, Agyr atletika halkara federasiýasy türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewany 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ýeňiji diýip yglan edipdi.
Ýatlatsak, şol agram derejede ýaryşda altyn medaly gazanan tailandly türgen Thunýa Sukharoen dopinge garşy düzgünleri bozandygy üçin baýragyndan mahrum edildi. Federasiýa medallaryň gowşurylyşyna gaýtadan seretdi. Netijede watandaşymyz Ýulduz Jumabaýewa altyn medala eýe boldy.


Bu gün altyn medal hakyky eýesine gowuşdy. Gurbanguly Berdimuhamedow türgene iki sany altyn medal gowşurdy. Birinjisi çempionlyk üçin, ikinjisi itekläp götermek görnüşinde görkezen iň gowy netijesi üçin (104 kg).
Bu gün Ýulduz Jumabaýewa diňe altyn medala eýe bolmady, türgen şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgadyna — «Lexus Sportplus» kysymly gymmatbahaly awtoulagyna mynasyp boldy.


TmCars.info-nyň adyndan dünýä çempionyny — Ýulduz Jumabaýewany gazanan üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys hem-de sport äleminde üstünlikleri arzuw edýäris.

сегодня 16:18
5.9k+

Самые высокооплачиваемые футболисты и тренеры ЧМ–2026

Чемпионат мира традиционно собирает лучших игроков планеты. На турнир в США, Канаде и Мексике прибыли 48 сборных, каждая из которых заявила по 26 футболистов. Это означает, что в финальной стадии турнира......

сегодня 08:03
2.3k+

Туркменские каратисты взяли золото и бронзу турнира Молодёжной лиги в Маниле

Спортсмены из Туркменистана завоевали золотую и бронзовую медали на престижном международном турнире мировой серии «Молодёжная лига карате1», который прошёл в столице Филиппин — Маниле....

вчера 19:10
6.1k+

Возвращение «Особенного»: Жозе Моуринью возглавил мадридский «Реал»

Португальская «Бенфика» официально объявила об уходе 63-летнего главного тренера Жозе Моуринью. Специалист возвращается в мадридский «Реал»....

вчера 17:32
6.9k+

ФИФА нашла новый способ заработать на болельщиках: за $79 их имена покажут на табло

ФИФА предложила болельщикам новую услугу на чемпионате мира 2026 года: за 79 долларов их имена будут отображаться на табло стадионов во время матчей группового этапа....