Hosep Gwardiola tälimçilik karýerasynda 500-nji ýeňşini gazandy

  • 28.02.2021 17:15
  • 7.6k+

Mançesteriň “Etihad” stadionynda Angliýanyň Premýer-ligasynyň 26-njy tapgyrynyň “Mançester Siti” – “West Hem Ýunaýted” duşuşygy geçirildi. Hosep Gwardiolanyň şägirtleri 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Bu ýeňiş ähli ýaryşlary göz öňünde tutanyňda, “Mançester Siti” üçin yzygider 20-nji ýeňiş boldy we bu toparyň taryhynda iň gowy tapgyrdyr.
Opta Sport kompaniýasynyň habar bermegine görä, “Mançester Sitiniň” “West Hemi” ýeňmegi Hosep Gwardiolanyň ähli ýaryşlarda baş tälimçi hökmünde 500-nji ýeňşini (“Barselona” – 179 ýeňiş, “Bawariýa” – 121, “Mançester Siti” – 200) gazanmagyna getirdi diýip, championat.com belleýär.
“Mançester Siti” 26 oýunda 62 utuk toplap, 2020/2021-möwsüminde Angliýanyň Premýer-ligasynyň turnir sanawynda birinji orny eýeleýär. “West Hem Ýunaýted” (45) – dördünji orunda ýerleşýär. “Mançester Sitiniň” esasy bäsdeşleri – “Mançester Ýunaýted” we “Lester Siti” – bularyň hersinde 49 utuk bar.

düýn 14:40
1.1k+

London marafony – 2026 taryhda iň köpçülikleýin marafon boldy: tas 60 müň adam gatnaşdy

2026-njy ýylyň TCS London marafony pellehana ýeten gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýup, dünýäde iň köpçülikleýin marafon adyny resmi taýdan gaýtaryp aldy....

düýn 09:59
5.4k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......

28.04.2026 16:14
4k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 14:43
8.4k+

Dünýä çempionatynyň finalynyň biletleri 2,3 mln dollardan satylýar

FIFA-nyň resmi gaýtadan satuw platformasynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna dört sany bilet peýda boldy. Olaryň her biriniň bahasy 2,3 million dollara golaýlaýar....