2021-nji ýylyň başynda iň kuwwatly smartfon belli edildi

  • 05.02.2021 11:36
  • 19k+

2021-nji ýylyň ýanwar aýy boýunça iň kuwwatly smartfonlaryň sanawy düzüldi. Bu barada AnTuTu bençmarkyna salgylanyp, 360tv.ru habar berdi.

Birinji orny iQOO 7 smartfony eýeledi. Dekabr aýynyň lideri bolan Xiaomi Mi 11 ikinji orna geçdi. Bu gurluşlaryň ikisi-de Qualcomm Snapdragon 888 prosessorynyň esasynda işleýär. Liderleriň üçlügini Huawei Mate 40 Pro+ jemleýär. Dördünji orny Huawei Mate 40 Pro eýeledi. Bu smartfonlaryň ikisinde-de Kirin 9000 çibi bar. Bäşinji orunda Snapdragon 865 prosessoryna esaslanýan täze Oppo Reno5 Pro+ ýerleşdi.
Ortaça bahaly smartfonlaryň sanawynda MTK Dimensity 820 çipsetli Xiaomi Redmi 10X 5G lider boldy. Ol 401 389 bal gazandy. Ikinji orunda 398 246 bal bilen Redmi 10X Pro 5G ýerleşdi. Üçünji we dördünji orunlar 395 463 we 394 913 bal bilen Kirin 985 çipsetine esaslanýan Huawei Nova 7 we Nova 7 Pro smartfonlaryna degişli. Onlugy Honor 30, Honor X10, Huawei nova 7 SE, Oppo Reno5 5G, Redmi Note 9 Pro 5G, Realme Q2 Pro 5G jemleýär.
Statistika 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 31-nji ýanwar aralygynda ýygnaldy. AnTuTu reýtinginde iň ýokary däl-de, ortaça netijeler ulanylýar.

şu gün 15:59
545

OpenAI we Google modelleriniň hytaýly bäsdeşi bolan DeepSeek V4 neýroulgamy çykdy

DeepSeek kompaniýasy özüniň täze uly dil modeli bolan V4-üň deslapky wersiýasyny çykardy. Ol beýleki modeller üçin ýokary öndürijilikli we tygşytly bäsdeş hökmünde görkezilýär....

şu gün 15:13
1.3k+

Samsung «Galaxy Buds» gulaklyklary üçin konserwa bankalary görnüşindäki çehollary tanyşdyrdy

Samsung kompaniýasy Galaxy Buds gulaklyklarynyň zarýad beriji keýsleri üçin özboluşly gorag çehollarynyň seriýasyny çykardy. Olar iýmit önümleri salynýan bankalar görnüşinde dizaýn edildi....

şu gün 11:38
1.8k+

Emeli aň az öwrenilen dillerde has gowy işläp başlady

Häzirki zaman emeli aň modelleri seýrek duş gelýän we az öwrenilen diller bilen işlemegi ep-esli gowulandyrdylar. Bu barada TechRadar neşiri RWS kompaniýasynyň geçiren barlagyna salgylanyp habar berýär....

şu gün 08:07
1.5k+

ChatGPT ulanyjylaryny ýitirýär: olar Gemini we Claude-a geçýärler

Bäsdeşlik gurşawynyň güýçlenmegi bilen «ChatGPT» çat-botunyň meşhurlygy kem-kemden azalýar. Ulanyjylar emeli aňyň alternatiw hyzmatlary bolan «Gemini» we «Claude» ýaly platformalara geçip başladylar....