“Çarli we şokolad fabrigi” filminiň prikweli 2023-nji ýylda çykyp biler

  • 21.01.2021 21:58
  • 6k+

Warner Bros. kinostudiýasy şokolad fabriginiň eýesi Willi Wonka baradaky meşhur filmiň prikwelini surata düşürmek bilen meşgullanýar. Bu filmde onuň geçmişi barada gürrüň berler. Bu barada inforeactor.ru habar berýär.

Filmiň prodýuseri Harri Potter hakyndaky filmiň ähli bölümleriniň üstünde işlän Dewid Heýman, režissýory bolsa aýyjyk Paddington baradaky filmiň awtory Pol King bolar. “Deadline” žurnaly filmiň surata düşürilişiniň Beýik Britaniýada koronawirus sebäpli çäklendirmeler aýrylandan soň başlajakdygyny anyklady. Willi Wonkanyň we kinonyň beýleki gahrymanlarynyň keşbi üçin kasting heniz başlanok.
Ýöne maglumatlara görä, prikwelde Timoti Şalame bilen Tom Holland oýnap biler. Warner Bros. studiýasy ýaş Willi Wonkanyň keşbi üçin bu iki aktýoryň birini göz öňünde tutýar. Ýöne Timoti Şalame hem, Tom Holland hem entek resmi teklibi almadylar.
Prikwel 2023-nji ýylyň 17-nji martynda prokata çykyp biler. Ýatlap geçsek, “Çarli we şokolad fabrigi” filminde baş keşbi aktýor Jonni Depp ýerine ýetirdi.

şu gün 00:03
1.1k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
974

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
457

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
904

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......