"Real" soňky üç ýylda transferler üçin, takmynan, 400 million ýewro ýitirdi

  • 19.01.2021 07:50
  • 7.4k+

Madridiň "Realy" soňky üç ýylda transferler üçin, takmynan, 400 million ýewro ýitirdi. Bu barada gazeta.ru habar berdi.

2018-nji ýyldan bäri satyn alnan oýunçylaryň arasynda diňe Tibo Kurtua we Ferlan Mendy toparyň esasy düzüminde ýerleşmegi başardy. Şeýle hem ozal satyn alnan ähli futbolçylaryň transfer bahasynyň peselendigi bellenildi. Mysal üçin, Azaryň öň 120 million ýewro bolan bahasy häzirki wagtda, takmynan, 50 million ýewro barabar.
Ýeri gelende bellesek, Madridiň "Realy" Ispaniýanyň Superkubogynyň ýarym final oýnunda "Atletikden" ýeňlip, ýaryşy wagtyndan ir tamamlady. Ondan öň toparyň baş tälimçi Zinedin Zidanyň ýerini tutjak hünärmeni gözleýändigi habar berlipdi. Zidanyň topardan gitmekçi bolmagynyň sebäbini onuň transfer meýilnamalarynyň kanagatlandyrylmaýandygy bilen düşündirýärler.

şu gün 07:18
6.6k+

«Barselona» – çempion! Topar «Realy» utup, 29-njy gezek La Liganyň ýeňijisi boldy

Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon......

düýn 18:36
3.8k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....

düýn 12:29
3.5k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......

düýn 11:39
10k+

Striklend ýeňilmezek Çimaýewi ilkinji ýeňlişine sezewar edip, UFC guşagyny yzyna aldy

Şon Striklend Nýuark şäherinde geçirilen UFC 328 ýaryşynyň esasy söweşinde Hamzat Çimaýewi ýeňip, orta agramda UFC-niň çempiony diýen ady aldy. Bäş raund dowam eden tutluşyk eminleriň dürli çözgüdi bilen......