"Mançester Siti" tomusky transferler üçin 200 million funt sarp etmäge taýýar

  • 18.01.2021 18:08
  • 5k+

“The Telegraph” neşiriniň berýän habaryna görä, "Mançester Siti" 2021-nji ýylyň tomsunda iri transfer özgertmelerini meýilleşdirýär. Bu barada sport-express.ru habar berdi.

Çeşmäniň habaryna görä, klub baş tälimçi Hosep Gwardiola transfer maksatly 200 million funt bölüp berer. "Şäherlileriň" esasy transfer maksadynyň hüjümçiniň pozisiýasy bilen bagly boljakdygy habar berildi. Klub şertnamasy 2021-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli dowam edýän hüjümçi Serhio Agueronyň ornuny doldurmak isleýär. Dalaşgärleriň arasynda Erling Holand (Dortmundyň "Borussiýasy") we Romelu Lukaku ("Inter") bar.
"Mançester Sitiniň" mundan başga-da çep ganat goragçysyny we daýanç ýarym goragçysyny satyn almagy göz öňünde tutýandygy bellendi. Gyşky transfer penjiresinde bolsa klub täze oýunçy bilen şertnama baglaşmagy meýilleşdirmeýär.

şu gün 15:40
250

«Çelsi» işläp başlanyna 4 aý bolan baş tälimçisini wezipeden aýyrdy

Londonyň «Çelsi» kluby baş tälimçi Liam Rosenýoryň wezipeden aýrylandygyny yglan etdi. Topar yzly-yzyna bäş oýunda utuldy we şol duşuşyklarda garşydaşyň derwezesine ýekeje gol hem geçirip bilmedi....

şu gün 12:31
2.7k+

«Barselona» El-Klasikoda Oliwiýa Rodrigonyň logotipi bolan ýörite eşikde oýnar

«Barselona» futbol kluby öňümizdäki «Klasikoda» amerikaly aýdymçy Oliwiýa Rodrigonyň logotipi şekillendirilen ýörite sport eşiklerinde meýdança çykar. Bu barada «Mundo Deportivo» neşiri habar berýär. Bu çäre......

düýn 16:17
1.4k+

UEFA hemaýatkärlerden 1 milliard ýewrodan gowrak peýda almagy meýilleşdirýär

UEFA geljekki möwsümden başlap, klub ýaryşlarynyň (Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasy) hemaýatkärliginden 1 milliard ýewrodan gowrak peýda almagy göz öňünde tutýar diýip, The Guardian......

düýn 00:22
3.5k+

«Pari Sen-Žermen» Laureus tarapyndan ýylyň iň gowy sport topary diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» futbol kluby «Laureus World Sports Awards» dabarasynda 2025-nji ýylyň iň gowy sport topary hökmünde ykrar edildi....