Tuhel “Pari Sen-Žermeniň” baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

  • 24.12.2020 23:26
  • 5.8k+

Tomas Tuhel “Pari Sen-Žermeniň” baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy diýip, “L’Equipe” neşirine salgylanmak bilen gazeta.ru habar berýär.

Çeşmäniň berýän maglumatlaryna görä, “Pari Sen-Žermen” Tuheli şertnamanyň möhletiniň tamamlanmagyndan ýarym ýyl öň işden çykarmak kararyna geldi.
Pariž klubynyň ýolbaşçylygy Fransuz Liga 1-niň “Strasburg” (4-0) bilen 17-nji tapgyr duşuşygynda ýeňiş gazanylandan soň tälimçiniň işden aýrylandygyny mälim etdi.
Indi fransuz toparyna Maurisio Poçettino ýolbaşçylyk eder diýip, çeşme habar berýär. Häzirki wagtda 48 ýaşly Poçettino hiç ýerde işlemeýär. Ol 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Çempionlar ligasynyň finalyna çykan “Tottenhemden” gitdi.
Ýatlap geçsek, Tomas Tuhel “Pari Sen-Žermene” 2018-nji ýylda ýolbaşçylyk edip başlady. “PSŽ” Fransiýanyň çempionatynda “Liondan” bir utuk yza galyp, 35 utuk bilen üçünji orny eýeleýär. Pariž topary Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna çykdy we ol ispan “Barselonasy” bilen duşuşar.

şu gün 15:29
764

Türkmen tälimçisi Orif Buharakow hapkido boýunça IV dan gara guşagyň eýesi boldy

Türkmenistanyň «Hanmudo» söweş sungaty federasiýasynyň başlygy, ýurduň at gazanan tälimçisi Orif Buharakow hapkido boýunça IV dan gara guşagyny aldy. THP-niň habar bermegine görä, degişli şahadatnama halkara synag üstünlikli tabşyrylandan soň gowşuryldy...

şu gün 12:23
4.8k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedro bilen urşar

Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow 16-njy aprelde Demirgazyk Irlandiýanyň Belfast şäherindäki «SSE Arena» arenasynda geçiriljek PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedro bilen duşuşar...

şu gün 12:05
1.9k+

UFC-niň taryhyndaky ilkinji zenan tutluşygy Şöhrat zalyna giriziler

Hytaýly Weýli Çžanyň we polşaly Joanna Ýedžeýçigiň arasyndaky tutluşyk UFC-niň Şöhrat zalyna giriziler. Munuň bilen bagly dabara, Las-Wegasda geçirilen UFC 326 ýaryşynyň dowamynda yglan edilişine görä, şu ýylyň tomsunda geçiriler...

şu gün 07:58
3.7k+

UFC 326 turnirinde Oliweýra Holloueýden üstün çykyp, 2,2 million dollardan gowrak girdeji gazandy

UFC-niň ýeňil agramda öňki çempiony Çarlz Oliweýra UFC 326 turniriniň iň köp hak tölenýän gatnaşyjysy boldy. Sporty Salaries portalynyň maglumatlaryna görä, braziliýaly söwüşiji agşamyň esasy tutluşygy üçin 2,282 million dollar aldy...