“Liwerpul” BBC görä ýylyň iň gowy sport topary, Klopp - iň gowy tälimçisi boldy

  • 22.12.2020 16:29
  • 3.4k+

“Liwerpul” BBC-niň ýylyň iň gowy sport topary diýen ugry boýunça baýragynyň ýeňijisi boldy. Bu barada matchtv.ru habar berýär.

Ýadyňyzda bolsa, şu ýyl “gyzyllar” iňlis premýer-ligasynyň 2019/20 möwsüminde ýeňiş gazandy we Angliýanyň Super kubogy-2020-ni aldy.
“Liwerpulyň” baş tälimçisi Ýurgen Klopp hem BBC görä ýylyň iň gowy tälimçisi diýlip yglan edildi.
Öň, BBC habar gullugy “Mersedesiň" sürüjisi Lýuis Hemiltony “Ýylyň sportçusy” diýip ykrar edipdi we UFC-niň ýeňil agramda çempiony Habib Nurmagomedow “Ýylyň daşary ýurtly türgeni” ugry boýunça ýeňiji bolupdy.

düýn 18:26
2k+

FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny $871 mln çenli artdyrdy

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny 15% artdyryp, tölegleriň umumy möçberini 871 million dollara ýetirmek barada çözgüt kabul etdi....

düýn 11:50
4.7k+

Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi......

düýn 11:46
4.2k+

Ýewropa we Konferensiýalar Ligasy: Emeriň emeli ýetmedi, Sarr oýlanmaga-da maý bermedi

Ýewropa Ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlarynda «Nottingem Forest» az-owlak tapawut bilen «Aston Willany» ýeňdi, Portugaliýanyň «Bragasy» bolsa soňky minutlarda Germaniýanyň «Fraýburgyna» aman diletdi.......

30.04.2026 16:03
3.4k+

EA täze UFC simulýatoryny yglan etdi — oýun 19-njy iýunda çykar

Electronic Arts kompaniýasy garyşyk söweş sungaty boýunça täze EA Sports UFC 6 simulýatoryny resmi taýdan yglan etdi. Oýun 2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda PlayStation 5 we Xbox Series pristawkalarynda çykar,......