Türkmenistanyň DIM-niň 2021-nji ýyl üçin çykdajylary tassyklanyldy

  • 05.12.2020 16:18
  • 13k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Daşary işler ministrliginiň 2021-nji ýyl üçin çykdajylarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalaryny we konsullyk edaralaryny 2021-nji ýylda saklamak üçin çykdajylaryň sanawlary tassyklanyldy.

Daşary işler ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
Karar 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girýär.

 

şu gün 12:47
33

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty öz işine başlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatyna gatnaşyjylara gutlag iberdi.  Döwlet Baştutany gutlagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýän bu maslahatyň "agzybirligimizi, jebisligimizi hem-de doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrmakda ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna berk ynanýandygyny" aýtdy...

şu gün 10:11
2k+

Türkmenistanyň Prezidenti Awazada Türkmenistanyň maýa goýum forumyny geçirmek hakynda Karara gol çekdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Maliýe we ykdysadyýet ministrligine we Daşary işler ministrligine Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrýan Karara gol çekdi...

şu gün 08:54
5.1k+

Serdar Berdimuhamedow Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumyny açdy

12-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumyny açdy. Döwlet Baştutany Aşgabadyň Halkara howa menzilinden dikuçar arkaly Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumyna bardy...

düýn 18:38
3.2k+

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

11-nji sentýabrda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Tea Jugeli bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda ilçi rektory täze wezipä bellenmegi bilen gyzgyn gutlap, onuň ýolbaşçylygynda ýokary okuw mekdebiniň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi...