Russiýada koronawirusa garşy köpçülikleýin sanjym 2021-nji ýylyň ýanwarynda başlap biler

  • 12.11.2020 20:19
  • 9.2k+

Russiýada koronawirusa garşy köpçülikleýin sanjym 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda başlap biler diýip, Gamalei merkeziniň ýolbaşçysy Aleksandr Ginsburg aýtdy. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Ginsburgyň aýtmagyna görä, şol wagta çenli “Sputnik V” derman serişdesiniň önümçiligini aýda 5-6 mln doza çenli artdyrmak meýilleşdirilýär.
Ginsburg häzirki wagtda lukmanlara we mugallymlara COVID-19-a garşy sanjymyň edilýändigini belledi. Ýanwar aýyna çenli kärine garamazdan russiýalylaryň ählisine sanjym edilip başlanar.
Ozal wise-premýer Tatýana Golikowa Russiýanyň ýylyň ahyryna çenli “Sputnik V” sanjymyň 2 mln dozasyny öndürmegi, indiki ýylyň aprel aýyndan bolsa aýda 6 mln doza çenli çykarmagy meýilleşdirýändigini habar berdi. “Sputnik V” sanjymynyň bellige alnyşdan soňky synaglary 2021-nji ýylyň maý ýa-da iýun aýynda tamamlanar.
Ýatlap geçsek, “Sputnik V-niň” Russiýada kliniki synaglarynyň üçünji tapgyrynyň birinji aralyk derňewiniň jemi boýunça täsirliligi 92% boldy.
Soňky maglumatlar boýunça, Russiýada 1,84 mln koronawirus ýagdaýy hasaba alyndy, 1,37 mln adam sagaldy, 31,5 müň adam ýogaldy.

düýn 22:56
782

Ýawa adasynda Semeru wulkanynyň 6 sany täze atylmasy hasaba alyndy

Indoneziýanyň merkezi bölegindäki Gündogar Ýawa welaýatynda Semeru wulkanynyň azyndan alty sany täze atylmasy hasaba alyndy. Işjeňligiň netijesinde kül deňiz derejesinden 4 676 metr belentlige ýetdi diýip,......

06.04.2026 14:33
10k+

Suw yzyna gelýär: Dagystan bir hepdede ikinji suw joşgunyny başyndan geçirýär

Dagystanda bir hepdäniň içinde ikinji gezek uly göwrümli suw joşguny boldy. Bu gezekki weýrançylyklaryň netijeleri has-da agyr boldy....

04.04.2026 13:27
15k+

Owganystanda tas 6 bal ululykda ýertitreme boldy. Onuň täsiri goňşy döwletlerde-de duýuldy

4-nji aprelde sagat 00:52-de (Aşgabat wagty bilen) Owganystanyň Hindiguş daglyk sebitinde ýertitreme boldy. Bu barada «TOLO News Plus» teleýaýlymy habar berýär....

03.04.2026 15:18
9.6k+

Italiýada tebigy betbagtçylyk: gar syrgynlarynyň yzy suw joşgunlaryna ulaşdy

​Italiýanyň birnäçe sebitinde ilki güýçli gar, soňra bolsa çendenaşa köp ýagyş ýagmagy zerarly sil geldi we infrastruktura uly zeper ýetdi. Corriere della Sera neşiriniň we Euronews-yň habaryna görä, awtomobil......