2020-nji ýylyň noýabrynda çykmagyna garaşylýan awtomobiller

  • 06.11.2020 19:57
  • 30k+

2020-nji ýylyň noýabrynda dünýä belli önümçilik kompaniýalarynyň birnäçesi täze önümleri bilen tanyşdyrarlar. Täze ulaglaryny tanyşdyrmaga taýýarlanýan brendleriň arasynda Porsche, Mercedes-Benz, McLaren we beýlekiler bar. Bu barada naavtotrasse.ru belläp geçýär.

Italýan awtoönümçilik kompaniýasy Alfa Romeo şu aýda Jeep ulaglarynyň platformasyna esaslanýan Tonale krossowerini hödürlemäge taýýarlanýar. Bu awto özüniň yşyk diodly optikasy we baý üpjünçiligi bilen tapawutlanyp biler, ýöne muňa garamazdan, onuň bahasynyň gymmat bolmazlygyna garaşylýar. Nemes brendi Alpina şu aýda 4,4 litr göwrümli 600 at güýji bolan iki turbo hereketlendirijili täze XB7 modelini tanyşdyrar, McLaren bolsa häzirki wagtda Nýurburgringde synagdan geçýän täze 750LT sportkaryny hödürlär. 2020-nji ýylyň ahyryna niýetlenen täze awtomobil 600LT-niň üýtgedilen görnüşidir.
Şeýle-de, noýabrda Mercedes-Benz EQA elektrokarynyň tanyşdyrylyşyna garaşylýar. Bu täze awto barada jikme-jiklikler heniz az, ýöne onuň akkumulýatorynyň 400 kilometr ýoly üpjün edip bilýändigi belli. Mitsubishi ýapon awtoöndürijisi Eclipse Cross krossowerini, Porsche bolsa Panamera uniwersalynyň täze görnüşini tanyşdyrmaga taýýarlanýar. Şu aýda garaşylýan täze awtomobil önümleriniň ýene biri 1,5 litr göwrümli 166 at güýji bolan turbo hereketlendirijili we 100 at güýji bolan kuwwatly elektrik hereketlendirijili MG HS PHEV gibrid krossoweridir. Deslapky maglumatlar boýunça, MG HS krossoweri 100 km/sag çenli bat almak üçin 5,8 sekunt wagt alýar.

şu gün 11:17
840

Hyundai ulaglarynyň salonlarynda antibakterial yşyklandyryş peýda bolar

Hyundai wiruslary we bakteriýalary ýok etmek üçin niýetlenen salonyň ultramelewşe yşyklandyryş ulgamynyň synaglaryny tamamlady. Kompaniýa täze tehnologiýany ýolagçy orunlary köp bolan awtoulaglarda,......

şu gün 10:02
1.8k+

EA hile jogap berip bilmeýär: Ford tejribeli inženerlerini yzyna çagyrmaly boldy

Ford kompaniýasy awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we emeli aň gurallarynyň awtomobilleriň hiline garaşylyşy ýaly gözegçilik edip bilmändigi sebäpli, 350-ä golaý tejribeli inženeri gaýtadan işe aldy....

düýn 15:49
1.7k+

Ford ýylyň başyndan bäri ABŞ-da 11 milliondan gowrak ulagy yzyna çagyrdy

2026-njy ýylyň başyndan bäri «Ford» konserni ABŞ-da jemi 11,27 milliondan gowrak awtoulaga täsir eden 50 sany yzyna çagyryş kampaniýasyny yglan etdi. Bu barada «Motor1» neşiri habar berýär....

düýn 11:32
2.8k+

Hytaýda ýygnalan iň ygtybarly ulaglar kesgitlenildi: RAV4, Golf we Coolray

«J.D. Power» agentliginiň hytaý şahamçasy HHR-iň zawodlarynda ýygnalýan benzinli awtoulaglaryň hiliniň täze reýtingini taýýarlady....