Türkmenistanyň Prezidenti kazylary wezipä bellemek we boşatmak hakynda Permana gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti kazylary wezipä bellemek we boşatmak hakynda Permana gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda,
Bäşim Ataýew Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi;
Babajan Gurbangeldiýewiç Welmämedow Ahal welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
Serdar Altyýewiç Seýtiýew Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenildi we oňa 5-nji hünär derejesi berildi;
Ýagşymyrat Toýlyýewiç Ýazmuhammedow Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa 5-nji hünär derejesi berildi;
Ýusup Kurbankulyýewiç Hudaýberdiýew Balkan welaýatynyň Etrek etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa 5-nji hünär derejesi berildi;
Merdan Ilmämmedowiç Amanow Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa 5-nji hünär derejesi berildi;
Atanýaz Sahytowiç Meredow, ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy;
Tyllagözel Myradowa, ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
Merdan Meretgeldiýewiç Jumanazarow, ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy.