iPhone 12-niň tanyşdyryljak senesi belli boldy

  • 09.09.2020 08:14
  • 20k+

Täze iPhone 12 smartfonlarynyň tanyşdyrylyş dabarasy 15-nji sentýabrda Aşgabat wagty bilen sagat 22:00-da bolar. "Apple" muny resmi taýdan yglan etdi. Dabara koronawirus pandemiýasy sebäpli bütinleý onlaýn ýagdaýda geçiriler.

Esasy täzelik smartfonlaryň täze ugry bolar, emma “Apple” täze Apple Watch Series 6 akylly sagatlaryny, barmak yzy skanerli täzelenen iPad Air planşetini, “iOS 14” operasion ulgamynyň täze wersiýasyny we beýleki täzelikleri hem hödürlär.
Habar beriş serişdeleri bu ýyl kompaniýa täze nesil smartfonynyň birbada dört modelini - 5,4 dýuým ekranly iň arzan we iň kiçi iPhone 12-den başlap, 6,7 dýuýmlyk iň uly 12 Pro Max-a çenli öndürer diýip çaklaýarlar.
Tanyşdyryş dabarasy baradaky maglumatlar eýýäm “Apple”-iň wakalar sahypasynda ýerleşdirildi.

düýn 20:32
933

Italiýada adamyň emeli aňa garaşlylygynyň ilkinji ýagdaýy resmi taýdan hasaba alyndy

Italiýanyň garaşlylyk bilen işlemek boýunça döwlet gullugy (SERD) ýurtda emeli aňa garaşly bolmagyň ilkinji ýagdaýyny hasaba aldy. «Gazzettino» gazetiniň habar bermegine görä, hakyky durmuşdaky gatnaşyklardan......

düýn 20:26
469

Ulanyjylaryň nägiliginden soň Windows 11-de widjetleriň görnüşi ýönekeýleşdirilip başlandy

Microsoft kompaniýasy Windows 11-däki widjetleriň ulanyjylaryň ünsüni sowýandygyny we interfeýsi artykmaç ýükleýändigini boýun alyp, olary ýönekeýleşdirmek meýilnamasyny yglan etdi....

düýn 15:47
981

Google displeýsiz, elýeterli Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy

Google kompaniýasy täzelenen Fitbit hatarynyň ilkinji enjamy bolan Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy. Bilezigiň kemeri bilen bilelikdäki umumy agramy bary-ýogy 12 grama deňdir....

düýn 07:31
2.3k+

Samsung daş-töwerek bilen bilelikde wideodyr şekil görkezýän AR linzaly äýnegini hödürledi

Samsung Display kompaniýasyna degişli bolan eMagin firmasy «SID Display Week» sergisinde içine micro-OLED displeýleri gurlan akylly äýnekler üçin linzalaryň prototiplerini görkezdi....