Türkmenistan Akina — Andhoý demir ýol şahasynyň gurluşygyny dowam edýär

  • 23.08.2020 09:58
  • 8.4k+

Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow Owganystanyň çäginde Akina — Andhoý demir ýol şahasynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýatladyp geçsek, «Türkmendemirýollary» agentliginiň hem-de Owganystanyň «Venco Imtiaz Construction Company, LLC» kompaniýasynyň arasynda ýer işleriniň kesgitlenen möçberini ýerine ýetirmek hem-de Owganystan Yslam Respublikasynda Akina — Andhoý demir ýol şahasynyň gurluşygyny serişdeler bilen üpjün etmek hakynda kömekçi potrat şertnamasy baglaşyldy.
Akina — Andhoý demir ýol şahasy goňşy ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek, onuň kiçi we orta telekeçiligini işjeňleşdirmek, owgan önümlerini dünýä bazaryna çykarmak üçin täze mümkinçilikleri açar.
Aýratyn belläp geçmeli zatlaryň biri hem, owgan topragynda demir ýoluň gurluşygy türkmen tarapynyň serişdeleriniň hasabyna alnyp barylýar hem-de türkmen işçileri hem-de gurluşyk serişdeleri ulanylýar.

şu gün 12:05
7.6k+

2026-njy ýylyň önümçilik senenamasy çykdy: Türkmenistanda resmi taýdan işlenilmeýän günler

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi iş, dynç we baýramçylyk günleri barada maglumatlary öz içine alýan 2026-njy ýyl üçin önümçilik senenamasyny neşir etdi. Bu senenama zähmet haklaryny, zähmet rugsatlaryny hasaplamak we kärhanalaryň işini meýilleşdirmek üçin resmi esas bolup hyzmat edýär...

şu gün 09:43
6.4k+

Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna baryp, oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy

2-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy...

düýn 11:57
2.9k+

Serdar Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentini Döwletiň jar edilen güni bilen gutlady

Pre­zi­den­t Ser­dar Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­nyň we Hö­kü­me­ti­niň adyn­dan, şeý­le hem hut öz adyn­dan Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Pre­zi­den­ti Şeýh Mo­ham­med bin Za­ýed Al Na­haý­ýa­na...

düýn 11:50
13k+

Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýanyň Prezidentine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianta ýurduň Sumatra welaýatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...