Otly gatnawlarynyň togtadylmagy 1-nji sentýabra çenli uzaldyldy

  • 14.08.2020 23:37
  • 30k+

«Türkmendemirýollary» agentliginiň resmi saýtynyň habar bermegine görä, Türkmenistanda otly gatnawlarynyň togtadylmagy 1-nji sentýabra çenli uzaldyldy.

Hususan-da, habarda şeýle bellenilýär:

«Hormatly ýolagçylar!
Sentýabr aýynyň 1-ine çenli otly gatnawlarynyň duruzylandygyny habar berýäris».

Öň, TmCars – Habarlaryň habar berşi ýaly, «Türkmendemirýollary» saglyk kepilnamasy esasynda hereket etmek düzgünini girizdi. Ýagny, Aşgabat şäherine gelýän we welaýatara gatnaýan ýolagçylar üçin 2020-nji ýylyň 10-njy awgustyndan başlap, saglyk kepilnamasy esasynda hereket etmek düzgüni girizildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyndaky edaralar tarapyndan 72 sagat möhlet bilen berlen saglyk kepilnamasy esasynda gatnawlar amala aşyrylýar.
Mundan öň, Türkmenistanda otly gatnawlarynyň hereketi 15-nji awgusta çenli ýatyrylypdy.
Ýolagçylar «Türkmendemirýollary» agentliginiň operatorlary bilen şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilerler:+99312383273 / 75 / 76 / 79.

24.04.2026 18:54
8.4k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

22.04.2026 01:04
7.7k+

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

21.04.2026 16:23
10k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....

20.04.2026 20:13
6.9k+

Ýaponiýada 7,7 bal güýji bolan ýer titremesi boldy we sunami howpunyň bardygy hakynda duýduryş berildi

Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogar kenarynda 7,7 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Ýer titremesinden soň birnäçe sebitde sunami howpunyň bardygy hakynda duýduryş berildi diýip, Ýaponiýanyň meteorologiýa......