Koronawirus ýokuşan Banderas 60 ýaşyny karantinde bellär

  • 11.08.2020 16:03
  • 12k+

Dünýä belli ispan aktýory Antonio Banderas koronawirus bilen keselledi. Ol muny 10-njy awgustda - özüniň 60 ýaş ýubileýi güni "Twitterde" mälim etdi diýip, Lenta.ru habar berýär.

"Şu gün, 10-njy awgustda, COVID-19 barlagymyň položitel netijesi bilen, 60 ýaşymy karantinde bellemeli bolýandygymy mälim etmek isleýärin" -diýip, Banderas belledi. Şeýle hem ol özüni birneme gowy duýýandygyny, ýöne az-owlak ýadawdygyny mälim etdi.

Banderas karantin döwrüni "okamak, ýazmak, dynç almak we meýilnamalary düzmek" üçin peýdalanjakdygyny aýtdy.
Ýadymyzda bolsa, Banderas 2017-nji ýylda Angliýada mahaly infarkt geçirip, gyssagly ýagdaýda hassahana ýerleşdirilipdi. Ol, esasan, “Näumyt”, “13-nji urşujy”, “Zorronyň maskasy”, “Zorronyň rowaýaty” filmleri, şeýle hem Pedro Almodowaryň režissýorlyk eden “Öz ýaşaýan derim", "Agyry we şöhrat” kartinalary bilen tanalýar.

25.06.2026 12:37
6.8k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.5k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....