UEFA-dan het-trik: koronawirus zerarly oýnuň ýatyrylmagyna sebäp bolan klublara 0:3 hasabynda ýeňliş yglan ediler

  • 06.08.2020 00:52
  • 13k+

UEFA Çempionlar ligasynyň we Ýewropa ligasynyň indiki möwsümi üçin COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly käbir çäklendirmeleri girizjek täze düzgünleri kesgitledi.

Şunlukda, 2020-21 möwsüminde UEFA her bije atyşlykdan öň ýurtlaryň arasyndaky syýahat çäklendirmeleriniň sanawyny yglan eder. Klublar öz ýurtlarynyň häkimiýetleri tarapyndan girizilen çäklendirmeleri we üýtgeşmeleri bije çekilmezinden iki gün öň UEFA habar bermeli. Beýle maglumatlaryň bolmadyk ýagdaýynda, UEFA özünde bar bolan maglumatlara eýerer. Eger-de topar meýdança girip bilmese, 0: 3 hasabynda tehniki ýeňlişe sezewar ediler - diýip, UEFA-nyň resmi web sahypasyna salgylanyp, Sports.ru habar berýär.
Mundan başga-da, eger-de öz häkimiýetleri tarapyndan giriş çäklendirmeleri girizilen bolsa, kabul ediji klub bitarap meýdançada oýun teklip etmeli. Eger ol şeýle mümkinçilik döredip bilmese, tehniki ýeňlişe sezewar bolar.
Klubyň ýerli häkimiýetleriň çäklendirmeleri barada berýän maglumatlary nädogry ýa-da ýeterlik däl bolsa (ýa-da çäklendirmeler bitarap meýdança oýnar derejede berk däl bolsa), oýnaljak ýeri UEFA-nyň özi kesgitlär. Toparlaryň biri oýnamakdan ýüz öwürse, onda ol hem tehniki ýeňlişe sezewar bolýar.
Ýerli häkimiýetleriň çäklendirmeleri bellenilen seneden soň girizilse, şol ýurtdan gelen klub oýnuň şowsuzlygy üçin jogapkärçilik çeker we tehniki ýeňlişe sezewar bolar.
Eger iki klub hem oýnamakdan ýüz öwürse ýa-da oýnuň şowsuzlygy üçin iki klub hem jogapkärçilik çekýän bolsa, onda olaryň ikisi-de ýaryşdan çykarylar.
Toparlar oýunlardan öň barlagdan geçiriler. Oňyn synaglar geçirilende, UEFA ygtyýary ýerli häkimiýetlere berýär. Toparda esasy sanawdan 13 adam (bir derwezebany hem hasaba almak bilen) bar bolsa we ýerli häkimiýetler oýnamaga rugsat berse, onda topar meýdança giräýmeli. Juda bolmasa, UEFA her tapgyr üçin bellenen möhleti göz öňünde tutup, oýny yza süýşürip biler, ýöne bu şertlerde oýny guramak mümkin bolmasa, topar ýeňlişe sezewar bolar.
Bu kararlaryň ählisi UEFA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisinde kabul edildi.

28.10.2025 20:30
4.9k+

Kia täze Telluride modeliniň ilkinji resmi suratlaryny görkezdi

Kia täze nesil Telluride krossoweriniň ilkinji resmi şekillerini hödürledi. Täze modeliň doly tanyşdyrylyşy 20-nji noýabrda Los-Anjeles awtosergisinde bolar. Telluride-nyň ikinji nesli has burçly we güýçli görnüşe eýe bolar...

28.10.2025 19:56
9.8k+

«Altyn Asyr» «Paro» klubuny utup, AFK Çagyryş Ligasynda «A» toparyň başyna geçdi

28-nji oktýabrda, sişenbe güni Türkmenistanyň «Altyn Asyr» futbol kluby AFK-nyň Çagyryş Ligasyndaky toparlaýyn tapgyryň ikinji duşuşygynda Butanyň «Paro» klubuny 3:1 hasabynda utdy. Ýaryşyň Günbatar zolagynyň "A" toparynyň ähli duşuşyklary merkezleşdirilen formatda Butanyň paýtagty Thimphuda geçirilýär...

28.10.2025 18:56
8.7k+

Lionel Messi 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda oýnamak isleýändigini aýtdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň ýyldyzy Lionel Messi 2026-njy ýylda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmak isleýändigini aýtdy. Bu barada futbolçy NBC telekanalyna beren interwýusynda gürrüň berdi...

28.10.2025 12:11
6.8k+

BMGÖM-niň wekiliýeti Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

25-nji oktýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan we hemişelik wekiliň orunbasary Tomitsa Paowiç Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrdylar...