Beýrutda bolup geçen partlama zerarly aradan çykanlaryň sany 100-den geçdi

  • 05.08.2020 14:33
  • 20k+

Liwanyň paýtagty Beýrutda bolup geçen partlama zerarly aradan çykanlaryň sany 100-den geçdi. Bu barada çarşenbe güni Sky News Arabia teleýaýlymy Gyzyl Hajyň liwan jemgyýetine salgylanyp habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

Mundan öň, 78 adamyň aradan çykandygy barada habar berilýärdi. Teleýaýlymyň maglumatlaryna görä, zyýan çekenleriň sany 4 müňden geçdi.
Mundan başga-da, partlamada Birleşen Milletler Guramasynyň 48 işgäriniň zyýan çekendigi belli boldy. Bu barada BMG-niň Baş sekretarynyň resmi wekiliniň orunbasary Farhan Hak “Al-Jazira” telekanalyna habar berdi.

“Beýrutdaky partlamada BMG-niň 48 işgäri we olaryň maşgalalarynyň 27 agzasy ýaralandylar” – diýip, ol telekanala beren teswirinde aýtdy.

Belläp geçsek, sişenbe güni Liwanyň Harby deňiz güýçleriniň bazasynyň golaýynda Beýrutyň deňiz portunda uly partlama bolup geçdi. Partlama tolkuny netijesinde onlarça öýler, awtomobiller ýok edildi we ýumruldy. Paýtagt şäheriň etraplarynyň aglabasynyň aýnalary pytrady.
Ýerli häkimiýetiň berýän maglumatlaryna görä, gümrük gullugy tarapyndan 2015-nji ýylda ele salnyp, ammarda saklanylan 2,7 müň tonna ammiak selitrasy partlamanyň sebäbi bolup biler. Liwanda matam yglan edildi. Şähere iki hepdelik adatdan daşary ýagdaý girizildi.

26.04.2026 15:51
8k+

Antarktidadaky Erebus wulkany altyn sowurýar

​Anatarktidada ýerleşýän, planetanyň günortadaky iň işjeň wulkany bolan Erebus, her gün atmosfera gazy we bugy bilen bilelikde altynyň mikroskopik bölejiklerini-de zyňýar. Barlagçylar wulkanyň zyňyndylarynyň......

24.04.2026 18:54
9.6k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

22.04.2026 01:04
7.9k+

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

21.04.2026 16:23
10k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....