Китайская компания обвиняет Apple в нарушении патентов и требует $1,4 млрд компенсации

  • 04.08.2020 13:35
  • 7.9k+

Emeli aň ulgamynda önümleri taýýarlamak işine ýöriteleşen Shanghai Zhizhen Intelligent Network Technology (Xiao-i) hytaý kompaniýasy Apple-i kazyýet jogapkärçiligine çekdi. Ol patent hukuklaryny bozmakda günäkärlenýän aýfonlary öndürijiden 10 milliard ýuan ýa-da $1,4 milliard möçberde töleg talap edýär. Bu barada “The Wall Street Journal” gazetine salgylanyp, vesti.ru ýetirýär.

Xiao-i Apple-den 10 milliard ýuan ($1,43 milliard) möçberinde ýeten zyýanyň öwezini doldurmagy we patenti bozýan önümleriň “önümçiligini, ulanylyşyny, satmak wadasyny, söwdasyny we importuny” bes etmegi talap edýär – diýlip, hytaý kompaniýasynyň internet torundaky habarynda aýdylýar.

Xiao-i – bu Apple Siri ýakyn bolan tehniki gurluşly ses kömekçisi üçin patenti kazyýet tarapyndan hakyky diýlip kabul edilen şanhaý firmasy. Eger-de amerikan IT-ägirdini günäkär diýip hasaplasalar, onuň “akylly” kömekçili smartfonlaryndan başlap, Apple Watch sagadyna çenli ähli elektronikasy Hytaýyň territoriýasynda gadagan edilip bilner.
Şu ýylyň iýunynda Hytaýyň Ýokary kazyýeti Xiao-i-niň wirtual kömekçi tehnologiýasyna hukugyny tassyklady. Şeýlelik bilen, 2012-nji ýyldan bäri Apple bilen bagly dowam edip gelýän kazyýet işine nokat goýuldy. Indi eger-de hytaý kompaniýasy deslapky kazyýet gadaganlygyny alyp bilse, Apple-iň Siri kömekçili ähli gurluşlarynyň satuwy Hytaýda dawa wagtynda gadagan ediler. Ýöne Xiao-i-niň patentiniň hakykylygyny tassyklan Ýokary kazyýet onuň önümi bilen Siri-niň arasyndaky tapawudy ep-esli diýip hasaplap, çözgüdi Apple-iň peýdasyna hem çykaryp biler.
Hytaý Apple üçin göwrümi boýunça ikinji söwda bazarydyr. 27-nji iýunda tamamlanan, üç aýyň içinde Hytaý Tim Kukuň firmasyna tas $9,33 milliard getirdi, bu bolsa umumy girdejiniň 16%-ini tutýar. Söwdanyň ösüşine iPhone 11 smartfonlaryna arzanladyş we ýerli ykdysadyýetiň koronawirus ýokanjyndan soň çalt dikelmegi ýardam etdi.

25.06.2026 20:11
3.3k+

Основатель индийского стартапа Cred возглавит WhatsApp

Компания Meta объявила о смене руководства WhatsApp. Уилл Кэткарт, возглавлявший мессенджер последние семь лет, перейдёт на другую должность внутри компании, а новым руководителем станет основатель индийского......

24.06.2026 17:02
2.4k+

Samsung впервые за 25 лет перестала быть самой дорогой компанией Южной Кореи

Samsung Electronics впервые за 25 лет уступила звание самой дорогой компании Южной Кореи. Производитель чипов SK Hynix обогнал ее по рыночной капитализации, сообщает Reuters....

23.06.2026 22:44
5.5k+

Bugatti продает клюшки для гольфа по цене спорткара

Компания Bugatti представила новую линейку аксессуаров для гольфа, разработанную совместно с японской фирмой Honma. Стоимость отдельных клюшек начинается от 3200 долларов, а цена самого дорогого набора......

23.06.2026 08:37
7.6k+

В Европе ежедневно появляется по 20 новых миллионеров с состоянием свыше $30 млн

За последние 5 лет численность людей с ультравысоким доходом в Европе увеличилась на 25%. Согласно данным свежего отчета Knight Frank Wealth Report, на европейском континенте проживает 183 953 человека, чье......