Hytaý Hubeý welaýatyndan karantini aýyrýar

  • 26.03.2020 17:58
  • 9.7k+

24-nji martda Hytaý hökümeti Hubeý welaýatynda iki aýdan gowrak dowam eden karantiniň aýrylýandygy barada resmi bildirişini neşir etdi. ixbt.com portalynyň habar bermegine görä, Hubeý welaýatyna giriş-çykyşa, şeýle-de göçüşe berkidilen çäklendirme aýrylar.
Sebitiň saglygy goraýyş işleri boýunça Döwlet komitetiniň bildirişinde welaýatyň administratiw merkezi bolan Uhan şäherinde çäklendirmäniň 8-nji aprelde aýryljakdygy barada informasiýa hem berilýär. Şol günde Uhan şäherinde tranzit ýollary boýunça gatnawa edilen çäklendirme aýrylar we ulag aragatnaşyklary dikeldiler.
Uhan şäherinde we Hubeý welaýatynda karantin 23-nji ýanwardan bäri hereket edýärdi. Koronawirus ýaýrawynyň ýüze çykan ýeri hasaplanýan Uhan şäheri dowam edýän aýyň ahyryna çenli infeksiýadan doly derejede arassalanmagy ahmal.
Hökümet karantiniň bes edilýändigine garamazdan, täzeden ýüze çykyp biljek ýaýrawyň öňüni almaklyga gönükdirilen hereketlere berk gözegçilik ediljekdigini hem belleýär.
Birnäçe gün mundan öň Haýnan günorta hytaý welaýatynyň söwda edarasy daşary ýurt maýaly iri daşary söwda kompaniýalarynyň dowam edýän aýyň ortalarynda gaýtadan işe girişendiklerini tassyklady.

şu gün 12:37
2.8k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

düýn 18:53
9.9k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

düýn 09:31
5.8k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.4k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....