Amerikan kompaniýasy koronawirusy 45 minutda anyklaýan test-barlagyny ulanmaga rugsatnama aldy

Amerikan kompaniýasy koronawirusy 45 minutda anyklaýan test-barlagyny ulanmaga rugsatnama aldy

«Cepheid» amerikan kompaniýasy täze koronawirus keseliniň ýokuşandygyny 45 minutda anyklaýan test-barlagyny ulanmak üçin ABŞ-nyň azyk harytlarynyň we derman serişdeleriniň hil meseleleri boýunça müdirliginiň rugsatnamasyny aldy. Bu barada kompaniýanyň metbugat-gullugy tarapyndan şenbe güni ýaýradylan habarda aýdylýar, diýip Trend agentligi TASS agentligine salgylanyp habar berýär.
Resminamada bellenilişi ýaly, test-barlagy «gyssagly ýagdaýda» sertifikatlaşdyryldy. Bu barlagy geçirmek üçin «Cepheid» kompanibasy tarapyndan öndürilýän «GeneXpert» awtomatlaşdyrylan analizatory gerek. Kompaniýada bellemeklerine görä, bu barlagy geçirmek üçin lukmanlara «ýörite okuw geçmek» zerur däl. «Testler indiki hepde ýaýradylyp başlanar» - diýlip resminamada bellenilýär.
«Cepheid» kompaniýasynyň getirýän maglumatlaryna görä, ABŞ-nyň çägindäki hassahanalarda GeneXpert analizatorlarynyň 5 müň sanysy bar. Tutuş dünýäde bolsa, 23 müňden gowragy bar. ABŞ-da koronawirusy anyklamak üçin peýdalanylýan testleriň aglabasy netijäni 1-den 4 güne çenli aralykda bilmäge mümkinçilik berýär.
Federal we ýerli häkimiýet edaralarynyň maglumatlary esasynda hasaplamalary geçirýän Jons Hopkins uniwersitetiniň maglumatlaryna laýyklykda, ABŞ-da täze koronawirus bilen 24 müňden gowrak adam keselläpdir. Aradan çykanlaryň sany 285-den az däl.