Nissan täze logotipleri bellige aldyrdy

  • 21.03.2020 23:06
  • 2.7k+

Nissan kompaniýasy täze logotipi bellige aldyrdy we onuň suratyny internetde neşir etdi. Emblema öňki suduryny saklady, ýöne ikiölçegli boldy we onuň ortasyndaky keseleýin çyzyk hem aýryldy. Indi brendiň ady gyrasy açyk tegelegiň içinde ýazylan. Täze logotip eýýäm Beýik Britaniýada, Peruda, Urugwaýda, Çilide we Argentinada bellige alyndy.
Motor.ru saýtynyň habar bermegine görä, Nissanyň täze korporatiw logotipi ilkinji gezek 2019-njy ýylda Tokia awtosalonynda görkezilen Nissan Ariya konseptinde şöhlelendirildi.
Heniz markanyň lineýkasynda haýsy modeliň täze dizaýnly tablisajyga eýe boljakdygy habar edilenok. Ýöne kämilleşdirilen logotipiň Z lineýkasyna hem degişli ediljekdigi belli, degişli patent Kanadanyň we Täze Zelandiýanyň edara bazarlarynda peýda boldy. Emblema ortada ýerleşdirilen Z harpyny özünde jemleýär we 1971-nji ýylyň nusgasy bolan Datsun 240Z modelindäki tablisajygy ýada salýar. Häzirki wagtda sport awtomobillerine oturdylýan döwrebap Z logotipinden tapawutlylykda täze logotip “tegelekden çykar”, Z harpy hem gara bolar.
Sportkar üç litrli iki sany V6 turbo hereketlendirijisi bilen üpjün ediler. Hereketlendiriji dokuz gatly awtomatik herekete getiriji guty bilen bilelikde işlär.
Nissan kompaniýasynyň Volkswagen bilen BMW kompaniýalarynyň öň saýlan ugrundan gidendigini ynamly aýtmak bolýar. Ýagny onuň logotipi hem bu kompaniýalaryň täze logotipiniň stilinde ýerine ýetirilen. Şulardan ugur alyp dizaýnerleriň öňünde has anyk we ýönekeý formalary ulanmak arkaly kompaniýanyň imijini kämilleşdirmeli diýen ýumuş durandyr diýip pikir etmek bolýar. Kompaniýalar ýuwaş-ýuwaşdan minimalistik stilde ýerine ýetirilen ikiölçegli emblemalaryň bähbidine üçölçeglilerden ýüz öwürýärler. Volkswagen kompaniýasynda bu çözgüdi şeýle dizaýnyň “markanyň ýaşlar bilen, sanlaşdyrma we häzirki zaman bilen baglylygyny” şöhlelendirýändigi bilen düşündirdiler. BMW kompaniýasynda hem şuňa meňzeş delili getirdiler, ýagny täze logotip “sanly dünýäde ýaşaýan ýaşlary marka çekmeklige gönükdirilen”.

düýn 23:20
3.2k+

0,03 sekunt tapawut: Tokioda marafon boýunça dünýä çempiony fotofiniş arkaly kesgitlendi

Tokioda ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynda taryhda ilkinji gezek marafonyň ýeňijisi fotofinişiň kömegi bilen kesgitlendi. Dünýä çempiony Alfons Feliks Simbu (Tanzaniýa) we kümüş baýragyň eýesi Amanal Petros 42,195 km aralygy birmeňzeş wagtda – 2 sagat 9 minut 48 sekuntda ylgap geçdi...

düýn 23:10
2k+

Wengriýaly figuralaýyn typyjy buzuň üstünde ýüpden bökmek boýunça rekord goýdy

Wengriýada figuralaýyn typmak boýunça çempion Ester Sombatheýi konkide towsulýan ýüpden bökmek boýunça Ginnesiň rekordyny goýdy. Ol bir minutda 136 gezek bökmegi başardy. Bu synanyşyk ABŞ-nyň Aýdaho ştatynyň San-Walli şäherindäki typylýan meýdançada geçirildi...

düýn 21:59
8.4k+

Aşgabatda täze Yutong awtobuslary hereket edip başlady

Aşgabatda şäher ugurlary boýunça täze Yutong ýolagçy awtobuslary hereket edip başlady. Kondisioner ulgamy bolan 12 metrlik üç gapyly ulag serişdeleri paýtagtymyzyň çäginde ýolagçylara kadaly hyzmat etmäge girişdiler...

düýn 18:46
13k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň 1-nji sentýabrdan güýje giren täze tertibini neşir etdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan güýje giren içerki uçar gatnawlarynyň täzelenen tertibini çap etdi. Täze tertibe görä, awiakompaniýa Aşgabat - Daşoguz, Aşgabat - Türkmenabat, Aşgabat - Türkmenbaşy we Aşgabat - Mary ugurlary boýunça gündelik uçuşlary ýerine ýetirýär...