Koronawirus zerarly MWC 2020 sergisi ýatyrylyp bilner

  • 12.02.2020 22:15
  • 4.6k+

Gün geçdigiçe, MWC 2020 sergisine gatnaşyjy kompaniýalaryň sany azalýar. Onuň sebäbi bolsa koronawirusyň ýaýramagy. Olaryň köpüsi ondan howatyr edýärler we işgärleriniň saglygyny goramak isleýärler. Facebook-da eýýäm kompaniýanyň işgärleriniň çärä gelmejekdikleri habar berildi. Intel we Vivo hem gatnaşmakdan ýüz öwürdiler. Xiaomi bolsa häzirlikçe gatnaşýanlaryň hatarynda. Bu barada itzine.ru habar berdi.
Ýöne bu ýeterlik däl. Çünki örän köp kompaniýalar sergä gelmekden boýun gaçyrdylar, şonuň üçin guramaçylar hem ony ýatyrmak barada pikir edýärler.
Sergä gatnaşmakdan boýun gaçyran kompaniýalaryň sanawynda şulary agzamak bolýar: Accedian, Amazon, Amdocs, ARCEP, AppsFlyer, Ciena, Cisco, CommScope, Dali Wireless, Ericsson, F5 Networks, Gigaset, iconectiv, InterDigital, LG, MediaTek, NTT Docomo, NVIDIA, Radwin, Royole Corporation, Sony, Spirent, Sprint, Ulefone, Umidigi.
“Vodafone” we “Deutsche Telekom” kompaniýalarynyň hem bu sanawa goşulmagy ahmal, häzirlikçe olar etmeli hereketiň wariantlaryny gözden geçirýärler. “Telenor”, “TCL” we “ZTE” gatnaşmaýandyklary ýa-da pressler üçin prezentasiýalary açmakdan ýüz öwürýändikleri barada mälim etdiler. Şeýle-de, telekommunikasion enjamlary öndüriji fin kompaniýasy Nokia hem bu sergä gatnaşmaz, bu barada Nokia-nyň saýtynda neşir edilen habarda aýdylýar. Nokia-nyň bildirişinde kompaniýanyň ekspertler we hökümet bilen maslahatlaşyp, koronawirus bilen bagly ýagdaýy kesgitlemekde köp işleri alyp barandygy bellenilýär. Ýöne kompaniýanyň “Nokia Live” çäresiniň ençemesini geçirjekdigi aýdyldy, Nokia onda MWC-de görkezmegi meýilleşdiren täze önümlerini hödürlemegi göz öňünde tutýar.
Belläp geçsek, MWC sergä her ýylda tas iki ýüz ýurtdan 100 müňden gowrak wekil gatnaşýar.
Çeşme serginiň geçirilmegi baradaky çözgüdiň anna güni kabul ediljekdigini habar berdi. Barselonadaky çäräni gurnaýjylar bolan SM Association-yň wekilleri anna güni bu ýagdaýy maslahatlaşmak üçin ýygnanarlar.
Häzirlikçe bolsa nähili çözgüt kabul ediljekdigi barada informasiýa ýok. Çözgüt kabul etmekde sergiden şu hepdede ýüz öwürmekçi bolýan kompaniýalar esasy roly oýnarlar.

06.04.2026 14:33
9.2k+

Suw yzyna gelýär: Dagystan bir hepdede ikinji suw joşgunyny başyndan geçirýär

Dagystanda bir hepdäniň içinde ikinji gezek uly göwrümli suw joşguny boldy. Bu gezekki weýrançylyklaryň netijeleri has-da agyr boldy....

04.04.2026 13:27
14k+

Owganystanda tas 6 bal ululykda ýertitreme boldy. Onuň täsiri goňşy döwletlerde-de duýuldy

4-nji aprelde sagat 00:52-de (Aşgabat wagty bilen) Owganystanyň Hindiguş daglyk sebitinde ýertitreme boldy. Bu barada «TOLO News Plus» teleýaýlymy habar berýär....

03.04.2026 15:18
9.2k+

Italiýada tebigy betbagtçylyk: gar syrgynlarynyň yzy suw joşgunlaryna ulaşdy

​Italiýanyň birnäçe sebitinde ilki güýçli gar, soňra bolsa çendenaşa köp ýagyş ýagmagy zerarly sil geldi we infrastruktura uly zeper ýetdi. Corriere della Sera neşiriniň we Euronews-yň habaryna görä, awtomobil......

01.04.2026 15:57
11k+

Owganystanda we Pakistanda ýagan güýçli ýagyşlar weýrançylyklara sebäp boldy

Soňky bäş günüň dowamynda ýagan güýçli ýagyşlar Owganystanda we Pakistanda uly möçberli siliň gelmegine hem-de binalaryň ýykylmagyna sebäp boldy. Duşenbe güni häkimiýetleriň beren maglumatyna görä, heläk......